1492-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda meşhur deňizçi Hristofor Kolumb ýolbaşçylyk edýän üç gämisi bilen Kanar adalaryna degişli bolan Gomera adasyndan 5 hepde dowam etjek syýahata çykýar. Aziýa ýurtlaryna gitmek maksady bilen ýola çykan deňizçi 12-nji oktýabrda häzirki wagtda Merkezi Amerikadaky Bahama adalarynyň Guanahani adasyna baryp ýetýär. Kolumb bu adany San-Salwador diýip atlandyrypdyr. Emma bu at häzirki wagtda Salwadoryň paýtagty bolan San-Salwodordan başgadyr.
Soňra bolsa Kolumb häzirki Kubanyň we Gaitiniň adalaryna barýar we olary atlandyrýar.