17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.
Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. “Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri guwandyryjydyr. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň 130-a golaýy gatnaşýar.
Bu ýerde görkezilýän önümler, türkmen kärhanalarynyň gazananlary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Süýji-köke öndürýän hususy telekeçileriň diwarlyklary aýratyn bölümi emele getirýär. Bu kärhanalaryň birnäçesiniň ISO we beýleki halkara standartlara doly laýyk gelýän önümleri daşary ýurtlara eksport edýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda içerki we daşary bazarlarda uly meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Şerbetli ak gar”, “Hojaly” hojalyk jemgyýetleri, “Altyn Ýunus”, “Doganlar ýyldyzy”, “Duýgy” hususy kärhanalary bar. “Täze Aý” haryt nyşanly et, süýt we süýji-köke önümleriniň köp sanly görnüşleri serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. “Sahabatly”, “Gönezlik”, “Ýüpekçi”, “Sada suw” hojalyk jemgyýetleriniň, “Parahat”, “Zürýada hyzmat” hususy kärhanalarynyň süýt önümleri, çaga iýmitleridir miwe suwlary serginiň möhüm bölegini düzýär.
Serginiň çäklerinde maldarçylyk pudagynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri bilen hem giňden tanyşdyrylýar. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň özleşdirýärler. “Ajaýyp ussat halal önümler”, “Sahabatly” hojalyk jemgyýetleriniň iri hem ownuk şahly mallary, Afrika düýeguşlaryny, sülgünleri, käkilikleri we hindi towuklaryny ösdürip ýetişdirýän kärhananyň gazananlary köpleriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem “Täze balyk”, “Elin balyk” hojalyk jemgyýetleriniň hödürleýän balykdyr deňiz önümleri görkezilýär.
Gözden geçirilişde halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda adygan hususy kärhanalaryň mümkinçilikleri-de görkezilýär. Şolaryň hatarynda döwrebap egin-eşikleri, aýakgaplary, uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürýän düzümleri — «Röwşen» hususy kärhanasyny, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetini we beýlekileri görkezmek bolar. “Batly-Gadam” hususy kärhanasy bolsa dürli görnüşli dokma önümleri bilen sergä gatnaşýar.
Sergide dürli görnüşli motor we çalgy ýaglaryny öndürýän “Asuda akym” hojalyk jemgyýeti, “Geljege miras”, “Yhlasly nazar” hususy kärhanalarynyň önümlerini görmek bolýar. “Bir kuwwat” hususy kärhanasy awtoulaglar we senagat maksatlary üçin ulanylýan dürli himiki serişdeleri hödürleýär.
Bulardan başga-da gözden geçirilişde oba hojalyk önümlerini, senagat önümlerini, elektron enjamlary we beýleki onlarça önümi öndürýän hususy kärhanalaryň diwarlyklary bar. Şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan iri taslamalar bilen hem tanyşdyrylýar.
Sergide telekeçiler, halk senetçileri, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, agaçdan, aýnadan ýasalan sowgatlyk harytlar görkezilýär.
Şu gezekki sergi giň mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlanýar. Onuň çäklerinde Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guralýar. Paýtagtymyzdaky “Toý mekany” merkezinde geçirilýän çärede Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezilýär.
Gözden geçirilişiň çäklerinde şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar.