Ata Watanymyz täze taryhy eýýamda berkarar döwletine guwanyp, buýsanyp ýaşaýan zähmetsöýer halky bilen diňe öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň ygtybarly binýadyna daýanýan ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Senagatda we oba hojalygynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu bolsa türkmen telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ajaýyp zamanamyzda telekeçilige aýratyn üns berilmegi ýurduň eksport mümkinçiligini we gaýtadan işleýän senagatyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gönüden-göni kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligine bagly bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda hususy işewürlik, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat oňyn netije berýär.
Düzüminde 30 müňe golaý agzany birleşdirýän iri işewürlik birleşmesiniň wekilleri bu günki gün oba hojalygy, senagat, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Döwletimiziň hususy pudaga berýän goldawy, esasan, döwrebap kanunçylyk binýady, ýeňillikli karzlar, ýerleriň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi ýaly şertlerde jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudaga uly ynam bildirýär. Bu hakykaty «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenendiginde hem aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, maýa goýum maksatnamalarynyň, durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin pugta binýady döretmegi maksat edinýär.
Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň ençemesi gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini giňden şöhlelendirerler. Şeýle hem, hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum telekeçiligi ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlaryny çekmek döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, IFT 2026 forumynyň geçirilmegi ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatlaryna laýyk gelýär.
Umuman, döwlet we hususy düzümleriniň berk arabaglanyşygy döwrebap, diwersifikasiýalaşdyrylan hem-de özbaşdak milli ykdysadyýeti kemala getirmekde kesgitleýji şert bolup durýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda ýaýbaňlandyryljak giň gerimli halkara forum netijeli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň hem-de başlangyçlarynyň ygtybarly meýdançasyna öwrüler.
Kowus BAÝMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









