Hytaýly alymlar dürli ýygylyk diapazonlarynda işlemäge ukyply 6G torlary üçin niýetlenen dünýäde ilkinji synag çipini döretdiler. Bu barada Gonkongyň “South China Morning Post” neşiri habar berdi. Täze enjamyň maglumat geçiriş tizligi häzirkilerden müň esse ýokary. Döredijileriň pikiriçe, täze çip 8K durulykdaky 50 GB filmi birnäçe sekuntda geçirmäge mümkinçilik berýär.
Şol bir wagtyň özünde, neşir simsiz tehnologiýalaryň çalt ösmeginiň elektromagnit spektriň aşa köp ýüklenmegine sebäp bolup biljekdigini, bu bolsa öz gezeginde baglanyşygyň ygtybarlylygyny peseldip biljekdigini belleýär.