Hytaý ýurduň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitindäki Ýarlung Sangpo derýasynyň aşaky akymynda dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlady. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň web sahypasyndaky beýanatynda aýdylýar.
“19-njy iýulda Tibet awtonom sebitinde Ýarlung-Sangpo derýasynyň aşaky akymynda gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlamak dabarasy geçirildi. HKP-niň Merkezi Komitetiniň syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan dabara gatnaşdy we taslamanyň resmi taýdan başlandygyny habar berdi” diýip, beýanatda aýdylýar.
Taslamada jemi 1,2 trillion ýuan (167,2 milliard dollar) maýa goýumy bilen bäş sany kaskad gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýandygy bellendi. Öndürilen energiýa, ilkinji nobatda, daşarky sarp edijilere, şeýle hem Tibetiň ýerli islegini kanagatlandyrmak üçin ugradylar.
Gidroelektrik desgasynyň gurluşygy Hytaýyň “China Yajiang Group” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylyp, gurlup gutarylandan soň stansiýanyň işine hem jogapkär bolar.
Hytaýyň habar beriş serişdeleri gurluşygy tamamlanandan soň bu desganyň Hytaýyň merkezi bölegindäki Hubeý welaýatynyň Ýanszy derýasynda ýerleşýän dünýädäki iň uly gidroelektrik stansiýasy Sansýadan (Üç jülge) öňe geçip biljekdigini bellediler.
Esasy Dünýä täzelikleri Hytaý Tibetde dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlaýar