Hytaýyň Gurluşyk serişdeleri milli toparynyň inženerleri T1200 markaly uglerod süýümini döretdiler, ol adaty polatdan on esse berk diýip, ýurduň “News Sina” portaly habar berdi.
“T1200 markaly süýümiň diametri adam saçynyň ýogunlygyndan ondan bir derejede inçedir, emma berkligi adaty polatdan 10 esse ýokary. Bu bolsa ony haýran galdyryjy derejede ýeňil hem pugta edýär” diýlip, habarda bellenýär.
Inženerler ýokary derejeli süýümiň strategik taýdan örän wajyp ösýän pudaklarda, mysal üçin, aerokosmos senagatynda, pes beýiklikdäki awiasiýada (uçarmansyz uçarlar) we adama meňzeş robotlary döretmekde peýdalanyp boljakdygyny aýdýarlar.
Täze önüm ýüzlerçe tonnalarda ölçelýän möçberlerde köpçülikleýin öndürilmäge taýýar edildi.
PDF









