Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çžeszýan welaýatynda dizaýny Aşgabadyň halkara howa menzilini ýada salýan aeroport gurulýar. MAD Architects binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama uçmaga taýyn guşy ýatladýar diýip, New Atlas ýazýar.
Gurluşygy şu ýylyň ahyrynda tamamlanmagy meýilleşdirilýän bu täsin desganyň, ýagny “Guşuň” beýikligi 24 metr, meýdany 12 100 inedördül metr bolar. Lişuý howa menzili agaçlaryň we ýaşyl otlar bilen örtülen baýyrlaryň köpdügi sebäpli “Tokaý şäheri” diýlip atlandyrylýan ýerde ýerleşýär. Desga ilkibaşda içerki gatnawlar üçin peýdalanylyp, ýylda 1 million ýolagçyny kabul edip biler. 2030-njy ýyla çenli bolsa, halkara terminalyny goşulyp, ýylda 5 million ýolagçy kabul etmek üçin giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Binanyň içinde tebigy ýagtylygyň düşmegi üçin köp penjire bolar.
Belläp geçsek, Aşgabat halkara howa menzili hem guşuň şekilindedir. 2016-njy ýylda gurlan esasy ýolagçy terminaly üçekdäki iň uly göl şekilleri (705 inedördül metr) netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Mundan başga-da, Dünýä rekordlar akademiýasy howa menzilini Laçyn guşuň şekilindäki iň uly desga we simwoliki guşuň iň giň ganat gerimi üçin hem ykrar etdi.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.