22-nji ýanwarda Guançžou şäheriniň gämi gurluşyk zawodynda Hytaýyň iň uly gämisi bolan HMM10800 suwa goýberildi. Bu gämi bir saparda 10 müň 800 sany awtoulagy daşamaga ukyplydyr we ol Koreýa Respublikasynyň HMM logistika kompaniýasy üçin niýetlenendir.
“Cnevpost.com” saýtynyň habar bermegine görä, gämi “Guangzhou Shipyard International” (GSI) döwlet korporasiýasy tarapyndan bir ýyldan hem az wagtda gurlup gutaryldy.
Gäminiň awtoulag sygymlylygy, onuň diňe bir Hytaýda däl, eýsem bütin dünýäde iň uly umman awtoulag daşaýjysydygyny (PCTC) aňladýar. Gäminiň 14 sany awtoulag palubasy (şol sanda bäş sany hereketli palubasy) ýeňil awtoulaglary we agyr ýük ulaglaryny ýüklemäge mümkinçilik berýär. “Rolker” görnüşli bu gäminiň uzynlygy 230 metr, giňligi 40 metrden gowrakdyr. Gämi taslananda elektromobilleri we wodorod ýangyjy bilen işleýän ulaglary daşamagyň howpsuzlygyna aýratyn üns berildi.
Gämi suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) we dizel ýangyjy bilen işleýän iki ýangyçly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu çözgüt zyýanly galyndylaryň çykarylyşyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär: kükürt oksidlerini 99%, azot oksidlerini 80% we kömürturşy gazyny, 20% azaldýar. Bu gämi logistikada ekologiýa taýdan iň ýokary standartlara eýe bolan täze döwri açýar.
Mundan ozal, SAIC konsernine degişli bolan “Anji Logistics” kompaniýasynyň iki gämisi iň uly gämiler hasaplanýardy. Olara bir gezekde 9 müň 500 ulagy ýükläp bolýar.
PDF









