Demir ýol gatnawynda ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaý 1-nji oktýabrdan başlap, dolulygyna elektron petek ulgamyny girizdi. Şeýle-de bolsa, internetden peýdalanmaýan garry ýolagçylar wokzallardaky we demir ýol beketlerindäki terminallardan petegini kagyza çap etdirip alyp bilerler. Onda ugramagyň wagty, otlynyň belgisi we oturjak orny ýaly gerekli maglumatlar görkezilýär. Hytaýda kagyz peteklerden ýüz öwürmek düzgüni synag maksady bilen 2018-nji ýylda ýola goýlupdy. 2020-nji ýylyň iýun aýynda bu tejribe ýurduň ähli adaty demir ýol ulgamlaryna ýaýrady.