Pekiniň merkezinde 74 gektar meýdany eýeleýän dünýädäki iň uly köşkler toplumy ýerleşýär. «Gadagan şäher» (The Forbidden City) ady bilen tanalýan Pekiniň köşkler toplumy 1420-1912-nji ýyllar aralygynda Hytaýyň simwoliki we syýasy merkezi bolup hyzmat edipdir. Toplum birnäçe köşkden, howlulardan we ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat. Ýerli halkyň arasynda «gyrmyzy» şäher ady bilen ýörgünli bolan toplumyň bezeginde, esasan, gyrmyzy we sary reňkler şöhlelendirilipdir. Gyrmyzy reňk hytaý medeniýetinde oňatlyk hasaplanýar hem-de bakylygy alamatlandyrýar. Sary reňk şa maşgalasynyň nyşany hökmünde görlüpdir.
Öňki döwürde Hytaý imperiýasynyň däp-dessuryna görä, imperator «gyrmyzy» şäheriň ýeke-täk resmi ýaşaýjysy hasaplanypdyr. Bu ýerdäki raýatlar we köşk emeldarlary myhman hökmünde görlüpdir. 1924-nji ýyla çenli köşk toplumy hökmünde ulanylan şäher we ondaky binalar häzirki wagtda Hytaýyň milli muzeýi diýen derejä eýedir. Daşyna 8 metr töweregi beýiklikde gala aýlanan gadymy şäher, esasan, milli baýramçylyklaryň, däp-dessurlaryň geçirilýän merkezleriniň biri bolup, ýokardan seredeniňde gönüburçlugy emele getirýär. 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen toplumda 9,999 otag hem-de 980 bina bar. Şäheriň içindäki taryhy ýerler iki bölege bölünip, toplumyň merkezinde «Aždarha tagty» diýlip atlandyrylýan, imperator oturgyjyny öz içine alýan esasy köşk ýerleşýär. Bu tagt altyndyr gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir.
Dört derwezeli «gyrmyzy» şähere her ýyl 20 million töweregi syýahatçy gelýär. Şäheriň günorta girelgesi syýahatçylar üçin niýetlenip, bu girelgäni meridian çyzygynyň kesip geçýändigi sebäpli, «Meridian derwezesi» hem diýilýär. Derwezäniň iki gapdalynda uzap gidýän ganatlary bar. Galanyň dört burçunda kiçiräk bambuk minaralar bolup, häli-şindi jaňlaryň sesi ýaňlanyp durýar. Bambukdan ýasalan şäheriň içinden emeli döredilen «altyn» derýa akyp geçýär. Giňligi 4,5 metr bolan bu derýa galanyň demirgazyk-günbataryndan girip, günorta-gündogardan çykýar. Meridian derwezesiniň girelgesinde bu derýanyň gözelliklerini synlap bolýar. Köşk toplumynyň demirgazygynda 10 gektar meýdany tutýan bambuk, kiparis we arça agaçlarynyň tokaýy bar. Mundan başga-da, ýaz paslynda owadan gyzyl gülleri bilen şäheri bezeýän alma agaçlarynyň meýdany hem bar.