Rus­si­ýa ge­çen ýyl Hy­ta­ýyň iň uly ne­bit im­port­çy­sy bol­dy. Şeý­le­lik­de, bu ba­bat­da 8 ýyl­dan soň­ra Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan öňe geç­di. Mun­dan ozal, 2018-nji ýyl­da Rus­si­ýa Hy­ta­ýa iň köp ne­bit sa­tan ýurt bo­lup­dy. Hy­ta­ýyň Baş güm­rük gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl Rus­si­ýa­dan Hy­ta­ýa ug­ra­dy­lan çig ne­bi­tiň möç­be­ri 2022-nji ýyl­da­ky­dan 24 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup, 107,02 mil­li­on ton­na ýe­tip­dir. Sa­ud Ara­bys­ta­ny bol­sa Hy­ta­ýa 85,96 mil­li­on ton­na çig ne­bit sa­typ­dyr. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Hy­ta­ýa eks­por­ty 2022-nji ýyl­da­ky­dan 2 gö­te­rim az bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de Rus­si­ýa Hy­ta­ýyň ne­bit im­por­ty­nyň 19 gö­te­ri­mi­ni, Sa­ud Ara­bys­ta­ny 15 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Hy­taý rus ne­bi­ti üçin ge­çen ýyl je­mi 60,64 mil­liard dol­lar tö­läp­dir. Güm­rük eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Hy­taý ne­bit sa­tyn al­mak üçin ge­çen ýyl je­mi 337,5 mil­liard dol­lar tö­läp­dir. Bu gör­ke­zi­ji­niň 2022-nji ýyl­da­ky­dan 7,7 gö­te­rim az­dy­gy mä­lim edil­di.