Russiýada awiapetekleriň bahasy ýokarlandy

69
People waiting for flight at the airport. Back view.

Russiýanyň Federal döwlet statistika gullugy (Rosstat) ýurtda “ekonomi” klasyna degişli awiapetekleriň bahasynyň geçen ýyl ortaça 22,2 göterim artandygyny mälim etdi. 2022-nji ýylda uçar petekleriniň bahasy 15,6 artypdyr. Şeýlelikde, soňky iki ýylda uçar petekleriniň bahasy 37 göterim gymmatlapdyr. Geçen ýylyň soňky aýynda ýurtda 1000 kilometrlik aralyk üçin uçar peteginiň bahasy 7 müň 600 rubl (86 dollar töweregi) bolupdyr.
RBK gazeti bu artyşyň 2008-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň uly artyşdygyny malim etdi. 2008-nji ýylda uçar peteginiň bahasy 30,9 göterim artypdy. Ýurtda şondan bäri diňe 2020-nji ýylda – pandemiýanyň başlan ýyly uçar peteginiň bahasy arzanlapdyr.