Ýer ýüzünde ösýän ösümlikler özüniň agaç ýa-da otjumak ösümlikdigine seretmezden dürli hili aýratynlyklary bilen biri – birinden tapawutlanýar. Olaryň köpüsi ýer şarynyň ähli künjeginde ýaýran bolsa käbir bölegi diňe belli bir ýerde ösýär. Belli bir çäkde duş gelýän ösümliklere endemik ösümlikler diýilýär. Şeýle ösümlikleriň biri hem Hindi ummanyndaky Sokotra adasynda duş gelýär. Ýemene degişli bolan bu adada bitýän, latynça ady “Dendrosicyos socotrana” bolan ösümlige gündelik gepleşikde “Hyýar agajy” diýilýär. Beýle diýilmeginiň sebäbi agajyň miweleri hyýara meňzeýär. Öňki döwürde bu agaja adanyň ähli ýerine duş gelip bolýan eken. Ýöne häzirki wagtda bu agaç düýeleriň esasy iýmiti bolanlygy sebäpli populýasiýasy azalypdyr. Guraklyga çydamly bolan bu agajyň baldagynda köp mukdarda ätiýaçlyk maddalaryny saklaýar. Ösümligiň baldagy bogun-bogun, uzynlygy 7 metre ýetýär. Giň konus şekilli baldagy agajy şemaldan we beýleki daşky täsirlerden goraýar. Baldagy hek reňkli bolup, piliň aýagyna meňzeýär. Baldagynyň diametri 1 metre çenli bolup bilýär. Baldagynyň dokumasy ak reňkli kleçatkadan bolup, ýumşak bolandygy sebäpli pyçak bilen arkaýyn kesip bolýar. Baldagynyň ýokarsynda az mukdarda gür ýerleşen ýapraklary bolýar. Ownuk sary reňkli gülleriniň sapagynda tüýjagazlary bolýär. Hyýara meňzeş miweleriniň daşy tikenli bolýar.
Ogulnur Muhanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby