Häzirki wagtda dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanyň ilaty 2080-nji ýyla çenli artmagyny dowam edip, 1,8-1,9 milliard derejede saklanar. Bu barada Hindistanyň ilaty öwreniş birleşiginiň (IASP) baş sekretary Anil Çandran aýtdy. “2000-nji ýylda Hindistanda çaga dogluşynyň umumy görkezijisi 3,5 bolup, häzir ol 1,9-a deň. Ilatyň köpelmeginiň görnetin kemelmegi ýurtda demografik ýagdaýyň çynlakaý üýtgeýändigini görkezýär” diýip, hünärmen belledi.
Çandran ähli bahalandyrmalara görä, Hindistanyň ýaşaýjylarynyň iň ýokary sanynyň 2 milliard adama ýetmejekdigini, ýagny 1,9 milliard derejeden ýokary bolmajakdygyny, munuň bolsa ilatyň migrasiýasyz ýagdaýda nesilden nesle geçýän sanyny saklamak üçin zerur bolan derejeden pesdigini belledi.
Onuň sözlerine görä, Hindistanda çaga dogluşynyň depgininiň pese gaçmagynyň esasy sebäbi ilatyň sosial-ykdysady we bilim derejesiniň ýokarlanmagydyr. Zenanlaryň sowatlylygynyň ýokarlanmagy nikalaşmak we çaga dogurmak baradaky kararlara gönüden-göni täsir etdi we maşgalada çagalaryň azalmagyna getirdi. Dogluşa gözegçilik etmek üçin serişdeleriň elýeterliligi bu ýagdaýy has-da çaltlaşdyrdy. Hindistanda ýaşlaryň, esasan hem, gyzlaryň işde üstünlik gazanmaga ymtylyşy sebäpli giçki nikalaryň sany hem artýar.
BMG-niň iýun aýynda çap eden demografik hasabatyna görä, Hindistan 1,46 milliard ilaty bilen dünýäde iň köp ilatly ýurt bolmagynda galýar. Hindistanlylaryň sany ýene 40 ýyldan soň azalyp başlar. Häzirki wagtda Hindistanda gartaşan ilatyň (65 ýaş we ondan ýokary) sany ilatyň 7 göterimini düzýär we bu görkezijiniň geljek onýyllyklarda ömür dowamlylygynyň artmagy bilen has-da artmagyna garaşylýar.