Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Halkara Boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda guralan bu abraýly ýaryş dünýä boksunyň iň iri çäreleriniň biri bolup, oňa 109 ýurtdan 428 türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri hem ringe çykyp, ýurdumyzyň sport abraýyny goradylar.
Baýramdurdynyň wekilçilik edýän agram derejesinde medallar ugrundaky göreşe 36 türgen goşuldy. Olaryň ählisi hem halkara giňişlikde tanalýan boksçular. Muňa garamazdan, gaýratly türkmen ýigidi ýaryşyň ilkinji tapgyrynda albaniýaly Alban Bekirini, ikinji tutluşygynda eýranly Moslem Mahsudini, çärýek finalda ispaniýaly Frank Martinezi ýeňip, ýarym finala çykmagy başardy. Bu tutluşyklaryň netijelerinden soň, ol boksuň ýurdumyzdaky taryhynda dünýä çempionatynyň medalyny gazanmaga ýakyn gelen ilkinji türgen bolmak mümkinçiligini kepillendirdi.
Mundan ozal 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Aziýa oýunlarynyň boks ýaryşlarynda hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan türkmen türgeni dünýä çempionatynyň finalyna çykmak üçin russiýaly Sergeý Koldenkow bilen güýç synanyşdy. Ýöne bu gezek russiýaly boksçynyň döwi rüstem geldi. Baýramdurdy Nurmuhammedow bolsa ýurdumyzyň taryhynda ilkinji bolup boks boýunça dünýä çempionatynyň medalyny gazandy.
Ýeri gelende aýtsak, russiýaly boksçy soňra kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medalyň eýesi gazagystanly Abylaýhan Žusupow boldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyna üç türgen bilen gatnaşandygyny nygtamak gerek. Baýramdurdy Nurmuhammedow bilen birlikde, 60 kilograma çenli agram derejesinde Yhlas Gylyçjanow hem-de 92 kilograma çenli — aňrybaş agram derejesinde Döwlet Yslamow ringe çykdy. Yhlas Gylyçjanow öz agram derejesinde güýçli türgenlere garşy çykyş edip, dünýä derejesindäki bäsleşikde gymmatly tejribe toplady. Döwlet Yslamow bolsa aňrybaş agramda mongoliýaly Haligin Býeknury, ugandaly Mark Sabbazy ýeňip, çärýek finala çenli üstünlikli gelmegi başardy. Eger ol ýaryşyň bu tapgyrynda azerbaýjanly Mahammad Abdullaýewden hem üstün çykyp bilen bolsa, dünýä çempionatyndaky medallarymyzyň sany ikä çykardy.
PDF









