Saud Arabystanynyň çempionatynda 20-nji tapgyryň çäginde sanawyň lideri “Al-Hilal” myhmançylykda autsaýderleriň biri “Al-Ohdud” toparyny 6-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda paýtagtlylaryň täze transferi Karim Benzema 3 gol, 1 asist bilen oýny tamamlady. Ol 31-nji, 60-njy hem-de 64-nji minutlarda tapawutlanyp, täze toparyndaky ilkinji oýnunda het-trik etmegi başardy. Beýleki gollary bolsa Malkom (70) bilen Salem Al-Dawsari (74, 90+3) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, “Al-Hilal” topary çempionatda 3 deňlikden soň ilkinji ýeňşini gazandy we ýeňlişsiz ýagdaýda 50 utuk bilen 1-nji orunda barýar.
PDF









