Fransiýaly doganlar Ogýust we Lui Lýumýerler kinonyň esaslandyryjylary hasaplanýar. Lýumýerleriň taýýarlan filmi ilkinji gezek 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Parižiň “Salon Indien du Grand Café” atly kafesinde köpçülige görkezilýär. Ogýust we Lui pul almak arkaly öz düşüren filmlerini köpçülige görkezipdirler. Bu waka kinematografiýada esasy ösüşleriň biri bolmak bilen, kino senagatynyň hem ilkinji ädimi hasaplanýar. Doganlar Lýumýerler şol döwür gysga filmleriň birnäçesini surata düşürip, köpçülige ýetirýärler. Şondan gysga wagt geçenden soň, 1896-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda “Otlynyň La-Sota wokzalyna gelmegi” (L’Arrivée d’un train en gare de La Ciotat) atly dokumental filmini hem köpçülige ýetirýärler. Bu film soňra Ýewropanyň beýleki şäherlerinde hem “prokata” goýberilýär. Doganlar Lýumerler ak-gara reňkli suratlary yzygiderli geçirmek arkaly döreden filmlerini dürli usullar bilen kämilleşdiripdirler.