UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Çempionlygyň dalaşgärlerinden “Aston Willa” myhmançylykda “Bolonýany” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Iňlis klubuna ýeňiş getiren gollary Ezri Konsa (44) bilen Olie Watkins (51, 90+4) geçirdi. Italýan toparynyň ýeke-täk goluny Jonatan Row (90) öz adyna ýazdyrdy. Ýarym finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe bolan “Aston Willa” topary UEFA-nyň ýaryşlarynda taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna 8 duşuşykda ýeňiş gazandy.

Germaniýanyň “Fraýburg” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Selta” toparyny 3-0 hasabynda ýeňip, ýarym finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi. Gollary 10-njy minutda Winçenzo Grifo, 32-nji minutda Ýan-Niklas Beste hem-de 78-nji minutda Mattias Ginter geçirdi.

Çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygy deňlikde tamamlandy. Ýagny Portugaliýada oýnalan duşuşyklarda “Braga” ispan kluby “Betis” bilen (Grillitç 5 – Hernandes 61 p), “Porto” bolsa iňlis topary “Nottingam Forest” bilen (William Gomes 11 – Fernandes 13 ö.d.) 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Jogap duşuşyklary 16-nji aprelde oýnalar.

 

Çärýek finalyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:

Braga – Betis: 1-1 /Grillitç 5 – Hernandes 61 p/

Fraýburg – Selta: 3-0 /Grifo 10, Beste 32, Ginter 78/

Bolonýa – Aston Willa: 1-3 /Row 90 – Konsa 44, Watkins 51, 90+4/

Porto – Nottingam Forest: 1-1 /William Gomes 11 – Fernandes 13 ö.d./