Awtoulag öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Honda» birnäçe ýyldan bäri uçar önümçiligini ýola goýmak üçin taslamany durmuşa geçirýär. Ýapon kompaniýasynyň işläp taýýarlaýan kiçi göwrümli ýolagçy uçary bolan «HondaJet
Echelonyň» 2026-njy ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrjakdygy mälim edildi. 11 orunlyk uçar deňeçer howa gämilerinden ýangyjy 20 göterim az sarp eder. Iki motorly howa gämisini bir uçarman dolandyrar. «Honda Aircraft» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýamasaki Hideto uçaryň ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatyndaky zawodynda öndüriljekdigini belledi. Uçaryň bahasy entek mälim edilmedi. Uçaryň ulanylmagy üçin degişli resminamalaryň 2028-nji ýylda alynmagyna garaşylýar.
Indira REJEPOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.