26-njy martda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky birinji ikitaraplaýyn işewürler forumy geciriler. Bu barada 17-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifingde ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa habar berdi.
Diplomat” «26-njy martda Aşgabatda ÝB – Türkmenistan işewürler forumy geçiriler, bu ilkinji ikitaraplaýyn işewürler forumy bolar. Gatnaşmaga isleg bildirýänleriň örän köpdügini bilýäris, şeýle hem söwda we pudaklaýyn assosiasiýalaryň wekilleri bolar, biz bu ýerde bolmaga uly gyzyklanma bildirýäris» diýip belledi.
Ilçiniň aýtmagyna görä, forum ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we iki tarapyň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Peksa, şeýle hem 2025-nji ýylyň özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ulag ulgamynda, söwdada we «ýaşyl» energetika ugrunda uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi.
Brifing ÝB-niň we Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijelerine we 2026-njy ýyl üçin strategik ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy.