
Hekaýa
Anatoliý ALEKSIN, rus ýazyjysy
Mugallymymyz Walentina Georgiýewna şeýle diýdi:
– Ertir gyşky dynç alyş rugsady başlanýar. Siziň her bir günüňiziň şatlykly geçjekdigine şübhäm ýok. Size sergilerdir muzeýler garaşýar. Şol dynç alşyň içinde nähilem bolsa, iň bagtly günleriňizem bolar. Ine, şol barada hem öýüňizde düzme ýazyň. Ýazylanlaryň arasyndan iň gowusyny saýlap, synpda uly ses bilen okap bererin. Şeýlelik bilen, siziň düzmäňiziň temasy – «Meniň iň bagtly günüm».
Walentina Georgiýewna: «Meniň iň ähtibar dostum», «Meniň halaýan kitabym», «Meniň iň bagtly günüm» ýaly temalardan düzme ýazsak halaýardy, men muny aňdym.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ejem bilen kakam tersleşdi. Men olaryň näme sebäpden tersleşendigini bilemokdym. Olaryň tersleşendigini hem Täze ýyly öz tanyşlarynyňkyda garşy alyp, öýe giç dolanyp gelenlerinde aňypdym. Irden bolsa olar biri-biri bilen gürleşmediler. Hamala hiç zat bolmadyk deýin, meniň bilen hem aýratyn äheňde asuda gürleşýärdiler. Ýöne men elmydama şular ýaly näsazlyklar dörände duýýaryn ahyry: bir zatlar bolupdyr. Olar biri-biri bilen gürleşenokdylar.
Garaz, gyşky dynç alşymyň ilkinji gününde öýümiziň içi gum-guklukdy, ümsümlikdi. Şol sebäpli hem meniň uly arça agajynyň ýanyna gezelenje gidesim geldi.
Haçan-da ejem bilen kakam tersleşende, men olary biçak alada edýärin.
Aýratynam ir bilen kakam menden:
– Ejeňi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamagy ýadyňdan-a çykaran dälsiň? – diýip soranda, meni tukatlyk gurşap aldy. Ejem bolsa, kakamyň oturan tarapyna hem seretmän:
– Bar, ataňa gazetini getirip ber. Ony ýaňyja gapyrjagyň içinde goýup gitdiler. Men onuň sesini eşitdim.
Ol kakama juda seýrek «Ata» diýip ýüzlenýärdi.
Ol-a birinji bilen. Ikinji bilen bolsa, olaryň her haýsy aýratynlykda: «Ikimiziň aramyzda nämeler bolup geçse-de, ol bolýan zatlar diňe ikimize degişli» diýip, alada eder ýaly zadyň ýokdugy barada ynandyrmaga çalyşýardylar.
Hakyna seretseň-ä, olaryň arasyndaky meseleler maňa-da degişli. Özi hem, diýseň-diýmeseň dahylly ýeri bar. «Gowusy, şular biri-birinden aýrylmasynlar. Her haýsy aýry ýola rowana bolmasynlar. Belkem, agşama çenli ähli zat düzeler» diýen netijä geldim.
Emma olar agşama çenli hem ýeke agyz gürleşmediler.
«Birden olar biri-biri bilen gürleşmegini düýbünden bes edäýseler näme?!» diýip, öz ýanymdan ünjüli oýlanyp başladym. Gorkýardym. Men ejem bilen kakamyň arasyndaky düşünişmezligi düzetmegi berk ýüregime düwdüm. Olaryň arasyny düzetmek üçin haýal etmän, aýgytly herekete geçmelidim. Ýöne nädip?
Bir ýerlerden-ä okan ýa-da radiodan eşiden bolmagym ähtimal. Garaz, şatlyk bilen gam-gussa adamlary biri-birine birleşdirýärmiş. Dogrusy, birini gynandyrmakdan has beteri hem, ony begendirmek, göwnüni tapmak birneme kynrak. Adamy begendirmek hem-de ony bagtly etmek üçin onuň ugrunda zähmetiňi sarp edip, ony begendiräýjek zatlary gözläp, şatlanmagy üçin elde baryny etmeli bolýarsyň. Ynsanyň göwnüne degmekden aňsat zat barmy, eýsem! Ýöne men beýle zady islämok… Men şatlykdan başlamaly diýen netijä geldim.
Eger-de men okuwa gidýän bolsadym, mümkin bolmajak zady ederdim: geometriýa sapagynda dörtlük alardym. Matematika mugallymynyň aýtmagyna görä, meniň bu sapak barada «giňişleýin düşünjäm» ýokmuş, hatda ol bu babatda hat ýazyp, kakamyň salgysyna hem ugradypdy. Eýsem, birdenkä, dörtlük baha alsam nähili bolar? Belkem, ejem bilen kakam meni şobada buýsanç bilen öperler, soňam olar ýaraşar.
Ýöne bularyň ählijesi hem arzuw ahyryn: heniz hiç kim dynç alyş döwründe baha almady.
Başga nähili usul bilen dynç alyş günlerimde ene-atamy begendirip bilerkäm?
Men öýümizde arassaçylyk işlerini geçirmeli diýen karara geldim. Esgidir çotga bilen öýüň hemme ýerini tämizläp çykdym. Ýöne ejemem Täze ýylyň öňüsyrasynda uzakly gün öýümizi tämizläpdi… Haçan-da owaldan ýuwlan ýeri, arassaja duran yşgaby gaýtadan süpürip geçeniňde, tozanyň ýokdugy sebäpli seniň eden işiň hiç kimiň gözüne ilmeýär.
Ejem bilen kakam agşam işden gelenlerinde, ýeriň arassalygyna däl-de, tersine, meniň boýdan-başa kirliligime üns berdiler.
– Öýi tämizledim! – diýip, olara kirliligimiň sebäbini aýtdym.
– Örän gowy, sen ejeňe kömek etjek bolup jan edýärsiň – diýip, kakam ejemiň duran tarapyna nazaryny hem aýlaman jogap berdi.
Ejem meni öpüp, hamala haýsydyr bir ýetim çagany söýgüleýän dek, başymy sypalady.
Bir söz bilen aýdanyňda, şatlyk olary birleşdirmegi başarmady. Olar her haýsy aýratynlykda, ýekelikde begenýärdi.
Ana, şonda bolsa, men iň soňky çykalgama tarap ädim ätmeli boldum: olary gam-gussanyň kömegi arkaly birleşdirmegi ýüregime düwdüm.
Ýekeje çykalga bar, ol hem öýden gidip, wagtlaýyn ýitirim bolmakdy.
Ine, şol gün agşamam şeýle diýdim:
– Men möhüm bir mesele üçin Mazaryň ýanyna gitjek.
Mazar – bu dostum Ženýanyň lakamy. Ol her gezek gürrüň açanda, sözüniň başyny, ine, şu sözler bilen başlaýardy: «Hiç kime aýtmajagyňa söz ber». Men oňa söz berýärdim.
– Ömrüň ahyryna çenlimi?
– Ömrümiň ahyryna çenli.
Ženýa näme hakda gürrüň berselerem, ol hemişe: «Hiç wagt! Hiç kime! Men Mazar!» diýip, aýdylan zatlary hiç kime gürrüň bermejekdigine güwä geçýärdi. Şeýdip ol uzak wagtyň dowamynda özüniň syr saklap bilýändligine hemmeleri ynandyrdy, ana, şonuň üçin oňa «Mazar» diýen lakam dakdylar. Şol gün agşam syr saklamagy başarýan adam gerek boldy.
– Uzak wagtlapmy? – diýip, kakamam menden sorady.
– Ýok. Ýigrimi minutjyk… Ondan köp däl – diýip, kakama jogap berdim-de, ony bar güýjüm bilen öpdüm.
Soňra bolsa, hamala Demirgazyk polýusa ýa-da söweşe barýan dek ejemi öpdüm. Olar maňa geň galyp seretdiler. Heniz gam-gussa olaryň aňyna aralaşmandy. Häzirlikçe olaryň kalbynda kiçeňräk howsala döredi. Muňa garamazdan, olar birneme biri-birine ýakynlaşan ýaly hem görünýär. Men muny duýýardym. Şeýlelik bilen, Ženýanyň ýanyna ugradym.
Haçan-da onuň ýanyna gelenimde, men şeýle bir keşpde görünýärdim welin, ol:
– Sen, näme, öýüňizden gaçdyňmy? – diýip sorady.
– Hawa.
– Dogry. Öň gaçmaly ekeniň. Howsala düşme: hiç kim seniň bärdedigiňi bilmez.
Ženýa näme sebäp bilen öýümden gaçanymy hem bilenokdy, ýöne ol gaçýanlary, bukulýanlary hem-de gizlenýänleri biçak gowy görýärdi.
– Her bäş minutdan ejem bilen kakama jaň edip, maňa garaşýandygyňy we meniň heniz gelmändigimi aýt… Düşündiňmi? Olaryň aladadan ýaňa, huşlarynyň gidýändigini duýýançaň, jaň etmegiňi dowam et. Göni manyda däl, elbetde…
– Eýsem, bu zatlar näme üçin gerek, hä? Men – hiç kime. Hiç wagt! Mazar!… Sen muny bilýärsiň-ä…
Ženýa jaň etmäge başlady. Telefony kä ejem, käte kakam galdyrýardy. Dogrusy, olaryň haýsy biri dälizde, ýagny tekjäniň üstünde duran telefonymyza golaý bolsa şol hem jaňy alýardy.
Ženýanyň bäşinji gezek eden jaňyndan soňra, ejem bilen kakam dälizden gidenokdylar.
Soňra bolsa, özleri Ženýalara jaň etmäge başlady…
– Ol hälem size gelmedimi? Henize çenli size barmazlygy mümkin däl. Diýmek, bir zatlar-a bolupdyr…
– Menem alada edýärin… Biz möhüm bir mesele üçin görüşmelidik. Ýöne, belki, ol henizem diridir?
– Nähili möhüm iş?
– Bu syr. Men ony aýdyp bilemok. Aýtmajagyma söz berdim. Ýöne ol meniň ýanyma gelmäge howlugýardy… Bir zad-a bolupdyr.
– Saklanman dowam et – diýip, men oňa duýdurdum. – Ejemiň sesi titreýärdimi?
– Titreýär.
– Gaty titreýärmi?
– Aý, häzirlikçe o diýen däl… Ýöne ejeň sesiniň gaty titrejegini bilýän. Sen bu barada hiç pikir etme.
Ejem bilen kakama gynanmaga başladym. Aýratynam ejeme… Bular ýaly ýagdaýlarda kakalar hemişe asuda bolýar ahyryn. Men muny öň aňdym. Ejem bolsa… Ýöne men bu işi beýik bir maksadym üçin amala aşyrýardym. Maşgalamy halas edýärdim. Şonuň üçinem gam-gussany ulanmaly boldum.
Maňa bir sagadam ýeterlik boldy.
– Ejem näme diýdi? – diýip, ejemiň yzygiderli jaňlaryndan soňra, Ženýadan olaryň näme diýendigini soradym.
– «Biziň huşumyz gitdi» – diýip, Ženýa buýsanç bilen jogap berdi. Ol hem begenýärdi.
– Ejem: «Biziň huşumyz gitdi» diýdimi? Hakyt «biz» diýdimi? Dogrudanam, şeý diýdimi?
– Ýalan aýtsam, janym çyksyn. Ýöne olary ýene birneme kösemek gerek. Goý, olar polisiýa hem jaň etsinler – diýip, Ženýa maňa jogap berdi.
– Hiç hili.
Men öýümize tarap howlukdym. Gapyny öz açarym bilen ýuwaşlyk bilen açdym. Daraklygyma basyp, dälize girdim.
Ejem bilen kakamyň hersi telefonyň bir gapdalynda otyrdy. Ýüzleri solgundy, ýadawdy. Biri-birine bakýardylar. Olaryň ikisi bilelikde gynanýardy. Bu diýseň gowy ahyry.
Birdenem olar böküp turdular-da ýanyma geldiler. Meni gujaklap, öpmäge başladylar, soňra mähir bilen biri-birine seretdiler.
Bu meniň gyşky dynç alşymyň iň bagtly günüdi.
Men köşeşdim, ertesi gün hem mugallymyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin işe girişdim. Düzmämde iň bagtly günümiň Tretýakow galereýasyna giden günümdigimi ýazdym. Aslynda bolsa, ol ýere men bir ýarym ýyl mundan ozal gidipdim.
Terjime eden
Annadursun ANNALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň terjime we terjimeçilik işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
PDF









