Maglumatlara görä, dünýäde 10 müňden gowrak tagam görnüşleri taýýarlanylýar. Tagamlaryň käbiri belli-belli ýerlerde iýilýän bolsa, käbiri tutuş dünýäde uly isleg bilen taýýarlanylýar. Geliň, dünýäde iň köp iýilýän tagamlar bilen tanyş bolalyň!
Pizza. Italýan aşhanasynyň naýbaşy tagamy hasaplanýan pizza köpleriň halaýan tiz tagamlarynyň biridir. Ýokary gyzgynlykdaky peçde derrew bişirilýän bu tagamyň 687 görnüşi bar. XIX asyryň başlarynda Italiýanyň Neapol şäherinde oýlanyp tapylan bu iýmit islege görä dürlüçe usulda taýýarlanýar. Adatça, bu tagama peýnir, pomidor, zeýtun, şöhlat ýa-da et goşulýar. Pizza häzirki wagtda dünýäniň ähli restoranlaryndaky tagam sanawynda öňdäki orny eýeleýän iň gowy iýmitleriň biridir.
Döner. Dünýäde meşhur tagamlaryň ikinjisi döner bolup, türk gastronomiýasyndan gözbaş alýar. Osman imperiýasy döwründe oýlanyp tapylan bu tagamyň taryhy XVII asyrlara degişli bolup, şol wagt döner közüň üstünde keseligine goýlup bişirilipdir. 1850-nji ýyllardan soň ýuka kesilen et bölekleri örülen görnüşde dikligine bişirilip başlanypdyr. Türkiýäniň Bursa şäheri döneriň dörän ýeri hasaplanyp, XX asyryň ahyrynda tiz tagam hökmünde çöregiň arasyna goýlup köpçülikleýin satylyp ugraýar. 1950-nji ýyllardan soň türkleriň milli tagamynyň meşhurlygy has artyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda döner satylýan göçme dükanlar peýda bolup başlaýar.
Gamburger. Amerikalylaryň her gün iýýän tiz tagamlarynyň biri bolan gamburger çişirilen çöregiň arasyna kotlet, peýnir, salat oty, pomidor we sogan goýlup taýýarlanýar. Gamburgeriň haçan bişirilip başlanandygy barada dürlüçe pikirler bar. Taryhçylar Tehasyň kiçi şäherçeleriniň birinde köçe aşpezi tarapyndan gamburgeriň oýlanyp tapylandygyny belleýärler.
Suşi. Ýapon aşhanasynyň iň meşhur tagamy bolan suşi tüwä garylan deňiz önümleriniň daşyna çig balyk dolanyp taýýarlanýar. Ýaponlaryň bu milli tagamy 1980-nji ýyllardan soň bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp, köp ýurtda suşi restoranlary açyldy. Häzirki wagtda suşi saşimi we unagi ýaly täzeçe usullarda hem taýýarlanylýar.
PDF









