Russiýada 468,3 karat agramly ýantar reňkli ýuwelir göwher, häzirlikçe bejerilmedik ýagdaýda galdyryldy. Almaz işläp çykarýan “Alrosa” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu almaz 2025-nji ýylda Ýakutiýada gazylyp alnypdyr. Ol diňe bir rekord goýan tapyndy hökmünde däl, eýsem, milli nyşan hökmünde hem taryha girdi. Tebigy kristaly tebigy durkunda saklamaly diýen karara geldiler.
Maý aýynyň başynda kompaniýa Russiýanyň taryhynda iň uly ýuwelir almazy tapandygyny habar berdi. Ýantar reňkli kristal “Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna” diýlip atlandyryldy.
“Alrosa” kompaniýasy dünýäniň almaz gazyp alýan bazarynyň 30 göterimini we Russiýanyň bolsa, 90 göterimini eýeleýär. 2024-nji ýylyň ahyryna önümçiligiň mukdary 33 million karat boldy. Kompaniýanyň ätiýaçlyklary 1 milliard karatdan geçýär.