Dün­ýä­de 2 müň­den gow­rak mi­we gör­nü­şi­niň bar­dy­gy bellenilýär. Mi­we­le­riň esa­sy bö­le­gi Hy­taý­, Bra­zi­li­ýa, Hin­dis­tan­, Me­hi­ko­, Is­pa­ni­ýa­ we Tür­ki­ýe ýa­ly ýurt­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Kä­bir mi­we daş­ky gör­nü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bol­sa, kä­bir mi­we öz­bo­luş­ly ta­ga­my bi­len adam­lar­da uly is­leg dö­red­ýär. Kä­bir mi­we örän ow­nuk bo­lup, ýyg­na­mak­da kyn­çy­lyk çe­kil­ýän bol­sa, kä­bir aga­jyň mi­we­si örän uly bo­lup, ag­ra­my 3-27 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Şeý­le mi­we­le­riň bi­ri hem jekf­rut­dyr.

Dün­ýä­de iň uly mi­we bo­lan jekf­ru­tyň aga­jy­na «ar­tocar­pus he­te­rop­hyl­lus» di­ýil­ýär. Tut­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu agaç Hin­dis­tan, Bang­la­deş, Şri-Lan­ka, Fi­li­ppin­ler, In­do­ne­zi­ýa, Ma­laý­zi­ýa we Awst­ra­li­ýa ýa­ly tro­pik se­bit­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Bir düýp «ar­tocar­pus he­te­rop­hyl­lus» aga­jy 200 tö­we­re­gi mi­we ber­ýär. Aga­jyň bo­ýy adat­ça 3,5-4 metr­den geç­me­ýär. Se­bä­bi bu aga­jyň öse­ri ke­si­lip du­rul­ýar. To­hu­myn­dan gö­ge­rip çyk­ýan bu agaç 5-6 ýyl­dan soň ha­syl ber­ýär. De­kabr-mart aý­la­ry ara­ly­gyn­da gül­le­ýän bu agaç iýul-aw­gust aý­la­ryn­da mi­we ber­ýär.
Jekf­ru­tyň ag­ra­my 4,5-30 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bo­lýar. Mi­wä­niň uzyn hem ga­lyň sa­pa­gy bo­lup, aga­jyň şa­ha­syn­dan sal­la­nyp dur­ýar. Il­ki­baş­da bu mi­wä­niň ga­by­gy sa­rym­tyl-ýa­şyl reňk­de bo­lup, bi­şen­den soň sa­rym­tyl-go­ňur reň­ke öw­rül­ýär. Ga­ty gabykly, da­şy teň­ňe ýa­ly ow­nuk na­gyş­ly jekf­ru­tyň ke­si­len gör­nü­şi edil ana­na­sa meň­ze­ýär. Mer­ke­zin­de ak boş­lu­gy bo­lan bu mi­wä­ni «sö­kül­ýän gör­nüş­de» ýüz­ler­çe bö­le­ge bö­lüp bol­ýar. Mi­wä­niň köp­gy­ran­ly gör­nüş­dä­ki her bir bö­le­gi­niň için­de çi­gi­di bol­ýar. Mi­we ýe­ti­şen­de onuň ta­ga­my süý­je­ýär we reň­ki üýt­ge­ýär. Mi­wä­niň esa­sy bö­le­gi­ni sü­ýüm düz­ýär. Şol se­bäp­li bu mi­we has berk bol­ýar. Mi­we ke­si­lip al­nan­dan soň, onuň sa­pa­gyn­dan süýt ýa­ly su­wuk­lyk bö­lü­nip çyk­ýar. Jekf­ru­tyň ana­na­sa we ba­na­na meň­zeş hoş­boý ysy bo­lup, eti suw­ly we süý­ji bol­ýar. Jekf­rut ter­li­gi­ne, doň­du­ry­lan, gap­la­nan we di­lim­le­nip gu­ra­dy­lan gör­nüş­de eks­port edil­ýär. Bu mi­we­den dür­li süý­jü­lik­ler hem taý­ýar­la­nyl­ýar. Jekf­rut Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa aş­ha­na­syn­da has köp ula­nyl­ýan mi­we­le­riň bi­ri­dir. Jekf­rut önüm­çi­li­gin­de Hin­dis­tan öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­de her ýyl 1,4 mil­li­on ton­na jekf­rut ýe­tiş­di­ril­ýär. Esa­san, Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, mi­wä­niň iň uly gör­nü­şi Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da, Ka­li­for­ni­ýa we Flo­ri­da ýa­ly ştat­lar­da hem duş gel­ýär.