ABŞ-nyň emeli hemralary tarapyndan bellige alnan 830 kilometre uzaýan mega ýyldyrym şu wagta çenli ýüze çykarylan iň uzyn ýyldyrym hasaplanýar. Uzynlygy 829 kilometre we azyndan, üç ştaty kesip geçen ägirt ýyldyrym dünýä taryhynda iň uzyn ýyldryym diýlip ykrar edildi.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (WMO) maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldaky “mega ýyldyrym” gündogar Tehasdan Kanzas-Siti sebitine çenli uzap, azyndan, sekiz sagat awtoulagda ýa-da täjirçilik uçarlary bilen 90 minutlyk aralyk ýalydyr. WMO mega ýyldyrymyň şu wagta bellige alnan iň uzyn ýyldyrymdygyny tassyklandygyny habar berdi. Bu, 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Uly düzlükleriň belli bir künjünde güýçli ýyldyrym çakan wagty bolup geçdi.
-Mega ýyldyrym – bu gelip çykýan ýerinden has uzak aralyklara gidýän ägirt ýyldyrymdyr – diýip, Arizona döwlet uniwersitetiniň geografiýa ylymlarynyň professory we WMO komitetiniň agzasy Randall Serweni täze rekordy tassyklady.
-Bu üýtgeşik bir hadysa. Biz olary diňe 10 ýyl ozal ýyldyrymyň nirede başlap, nirede gutarýandygyny anyklaýan ýörite tehnologiýalar toplumyny ulanyp başlanymyzdan soň ýüze çykardyk. Mega ýyldyrymy düýpgöter üýtgeşik zat däl, ýöne olar adatça, aýratyn geografiki we atmosfera şertleriniň iň güýçli ýyldyrymlary döredip biljek ýerlerinde ýüze çykýar – diýip, Randall Serweni aýtdy.