«Wanderlust» syýahatçylyk žurnaly 2025-nji ýylyň daşky gurşaw üçin zyýansyz syýahatçylyk hyzmatyny hödürleýän ýerleriniň sanawyny taýýarlady. Iňlis neşiri her ýylda «Travel Green List» atly şeýle sanawy taýýarlaýar. Sanawa daşky gurşawa zyýansyz, jogapkärli we durnukly syýahatçylyk syýasaty bilen tapawutlanýan ýurtlar, sebitler, şäherler, myhmanhanalar we guramalar girizilýär. 32 ýyldan bäri çykýan neşiriň bütin dünýäde okyjylary bar. Sanawyň başynda Hytaý Taýpeýi bolup, bu ýurt ekosyýahatçylygy, «ýaşyl» ulag ulgamy, goralýan çäkleri, ýerli mirasyň saklanmagy ýaly ugurlarda öňe saýlanypdyr. Durnukly we daşky gurşawa zyýansyz syýahatçylygy bilen tapawutlanýan Türkiýe hem sanawda özüne orun tapypdyr. Sanawda Sloweniýa, Ruanda, Uganda, Kosta Rika, Korsika, Peru we Wilnýus ýaly ýurtlar, sebitler we şäherler hem girizilipdir. Sanawda zibilleri azaltmaga degişli başlangyçlar, tebigata zyýan ýetirmeýän ýol beletleri we ekosyýahatçylyga degişli nusgalyk mysallara hem orun berilýär.