Alymlaryň pikirine görä, Indoneziýanyň Sulawesi adasynyň günorta-gündogaryndaky Muna adasynda ýerleşýän gowakda tapylan ynsan eliniň şekili, dünýädäki iň gadymy gaýa suraty bolup biler. Azyndan 67 müň 800 ýyl mundan ozal Liang Metanduno diýlip atlandyrylýan hek daşly gowakda döredilen bu şekil, adamzat döredijiliginiň taryhyny has gadymy döwürlere atarýar.
Gyzgylt reňkli eliň trafaret görnüşindäki bu suraty häzirki wagtda gowagyň diwarynda zordan saýgaryp bolýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu şekil eliň aýasyny gaýa diwaryna goýup, töweregine pigment (reňk beriji madda) sepmek arkaly döredilipdir. Barlagçylar suratyň ýaşyny reňkiň üstünde emele gelen mineral gatlaklaryndaky uran elementlerini seljermek arkaly anykladylar.
67 müň 800 ýyllyk bu tapyndy, şu wagta çenli Ispaniýada tapylan iň gadymy el şekilinden, takmynan, 1100 ýyl has gadymydyr.
Alymlar Indoneziýadaky bu gaýa şekilini döredenleriň Aziýa materiginden Indoneziýa adalaryna geçip, soňra bolsa Awstraliýa tarap ýoluny dowam etdiren ilat toparyna degişlidigini çaklaýarlar.
Bu açyş baradaky ylmy makala “Nature” žurnalynda çap edildi. Awstraliýanyň Griffit uniwersitetiniň arheology we ylmy işiň ýolbaşçylarynyň biri Maksim Ober: “Bu gadymy el şekili özboluşlydyr, sebäbi ol diňe Sulaweside duş gelýän usulda ýerine ýetirilipdir” diýip belleýär.
PDF









