Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtoulag öndürildi. Bu ugurda Hytaý, ABŞ we Ýaponiýa öňde barýar. Bu üç ýurt öndürilen ulaglaryň 54 göterimini emele getirdi. Şeýle-de bolsa, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösüp barýan bazarlar hem bu sanawda ýokarlanýar. Ýokarda hödürlenen infografikada, Awtoulag öndürijileriniň halkara guramasynyň (Organisation Internationale des Constructeurs d’Automobiles, OICA) maglumatlaryna esaslanyp, ýurtlar boýunça awtoulag serişdeleriniň öndürilişi görkezilýär.
Geçen ýyl Hytaýda 31 milliondan gowrak awtoulag öndürdi. Bu bolsa, ABŞ bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki önümçiliginden hem has köpdür. Bu möçber içerki islegiň, elektrik ulaglarynyň çalt kabul edilmeginiň we ösýän eksport torunyň kömegi bilen şertlenendir. ABŞ we Ýaponiýa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiliginiň pese gaçandygyna garamazdan, dünýäde iň uly awtoulag öndürijileridir.
Ýurtlara görä, önümçiligiň nähili üýtgeýändigini bellemek gyzykly. Mysal üçin, Hytaýda önümçiligiň köp bölegi täjirçilik ulaglary (3,8 million) däl-de, ýolagçy awtoulaglarydyr (27,5 million). ABŞ-da ýagdaý düýpgöter ters: 2024-nji ýylda ýurtda täjirçilik maksatly 9,1 million we jemi 1,4 million ýolagçy awtoulagy öndürildi.
Ösüp barýan bazarlar awtoulag önümçiliginiň esasy merkezi hökmünde öz statusyny berkidýärler. Olaryň ösüşi girdejileriniň artmagy, sebit söwda şertnamalary we üpjünçilik zynjyrlarynyň has gymmat sebitlerden göçürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Meksika 2019-njy ýylda San-Luis-Potoside zawodyny açan BMW ýaly brendler üçin esasy iri önümçilik bazasyna öwrüldi. «Tesla» bolsa, Meksikada «Gigafabrika» gurmagy meýilleşdirýär.
Russiýa 2024-nji ýylda iň ýokary ýyllyk önümçilik ösüşini 35 göterime ýetirdi. Günbatar awtoulag öndürijileriniň gitmegi ýurtda önümçilik ýetmezçiligini döretdi. Netijede, ýurt içerki we hytaý brendleri bilen dolduryldy. 2023-nji ýylyň ýagdaýyna görä, LADA Russiýada iň meşhur awtoulag markasy bolup, bazardaky paýy 30,7 göterime deň, ondan soň “Chery” (11,2%), “Haval” (10,6%) we “Geely” (8,8%) ýaly hytaý brendleri gelýär.