Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda Respublikanyň Premýer-ministri wezipesine sosial-demokrat Inga Rugineneni hödürlemek baradaky karara gol çekdi. Bu barada Litwanyň metbugaty Prezidentiň diwanyna salgylanyp habar berdi.
Habarda döwlet Baştutany tarapyndan Rugineneniň dalaşgärligi Seýmiň garamagyna hödürlenenden soň, gutarnykly tassyklanjakdygy bellenilýär. Indi parlamentiň agzalary täze Premýer-ministriň dalaşgärligi barada 1 hepdeden gijä galman gutarnykly karar kabul etmeli bolarlar. Bu wezipä tassyklanmak üçin Ruginene Seýmiň sesleriniň köplügine eýe bolmaly.
4-nji awgustda Gitanas Nauseda Hökümetiň hem-de Premýer-ministr Gintautas Palukasyň işinden çekilýändigi barada karara gol çekdi.