Adamzadyň köp zada ukyplydygy bireýýäm äşgär edilen hakykatdyr. Daşary ýurt dilini öwrenmek bolsa, hemmeleriň başaryp biljek aýratyn ukyp talap etmeýän işidir. Munuň üçin diňe yslas etmek ýeterlikdir. Köp ýurtda döwlet dili bolan iňlisçe käbir ýurtda ikinji, käsinde üçünji hökmany öwrenilmeli dil hasaplanýar. Bu dili öwrenmekde özbaşdak tejribäni baýlaşdyrmak üçin, ilki bilen, başlangyç sapak meýilnamasyny düzmek maslahat berilýär. Dili özbaşdak öwrenmek şol bir wagtyň özünde iň çylşyrymly okuw usullarynyň biridir. Sebäbi, bilimiňizi çuňlaşdyranyňyzda mugallym hem, okuwçy hem özüňiz bolýarsyňyz. Hiç kim sizden ýerine ýetirilen işleri we tamamlanan materiallary talap etmeýär, siz diňe özüňize “hasabat berýärsiňiz”. Bu ýerde esasy zat, dil öwrenmek üçin höwesiň bolmagy gerek.
Iňlis dilini öwrenmekde özbaşdak tejribäni baýlaşdyrmak üçin köp wagt sarp edip, materialy özleşdirmek üçin dürli usullary ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin hepdede näçe wagt sarp edjekdigiňizi we okamak üçin haýsy wagtyň amatlydygyny anyklaň. Şundan ugur alyp, başlangyç sapak meýilnamasyny düzüň.
Mysal üçin, hepdede üç gezek bir sagat grammatika bilen meşgullanyň, teleýaýlym we filmlere tomaşa etmek bilen meşgullanyň we günde ýarym sagat täze sözleri öwreniň. Bir aýyň içinde söz baýlygyňyz artar we iňlis dilindäki zamanlar hakda hemme zady bilersiňiz.
Günde azyndan 15 minuty dile bagyşlamagyň gowudygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Ilki bilen üstünlikleriňizi duýman bilersiňiz, ýöne okuwdan ýüz öwürmäge howlukmaň. Köplenç özbaşdak dil öwrenip başlaýanlaryň arasynda ýeterlik gepleşik tejribesi ýok, munuň öňüni almak üçin gündelik durmuşda iňlis dilini ýygy-ýygydan öwreniň.
Has giňişleýin öwrenmek üçin, sözlemleri we sözleri akyl ýa-da ses bilen terjime etmäge synanyşyň we wagtyň geçmegi bilen sözlem düzmek has aňsatlaşar we zerur sözler kelläňizde dörär. Dostlaryňyzdan ýa-da maşgala agzalaryňyzdan käwagt iňlis dilinde gepleşmegini haýyş edip bilersiňiz. Kim bilýär, belki olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrarsyňyz we bilelikde okarsyňyz. Asyl filmlere tomaşa ediň we soňundan ara alyp maslahatlaşyň. Mahlasy, iňlis dilini öwrenmekde özbaşdak tejribäni baýlaşdyrmak üçin şu aşakdaky usullardan peýdalanyp bilersiňiz:
Elipbiýi, okamak düzgünlerini öwreniň. Dogry aýdylyşyny bilmek üçin onlaýn transkripsiýany we aýry-aýry sözleriň ses seslerini ulanyň.
Sözlük düzüň. Sözleri iň esasydan başlap mowzuklaýyn öwreniň. Kartlar ýa-da onlaýn simulýatorlar bilen görkezme esbaplaryny ulanyň. Çylşyrymly nätanyş sözleri depderiňize ýazmagyňyzy we wagtal-wagtal tejribäňizi özleşdirmek üçin gaýdyp gelmek maslahat berilýär.
Grammatika öwreniň. Täze sözleri öwrenip, iň az söz düzümini emele getirenden soňky tapgyr grammatika. Öwrenýän mowzugyňyzy gowy özleşdirýänçäňiz başga mowzuga geçmäň.
Yzygiderli diňläň. Grammatikany öwrenmek bilen bir hatarda, sözleri diňläp başlamaly we aýdylyşyna we sözlemleriň gurluşyna üns bermeli. Ilki bilen ýönekeý podkastlary (belli bir temadaky audioýazgy) we gysga wideolary saýlaň.
Okaň. Öz derejäňize laýyk materiallary ýa-da kitaplary saýlaň. Şeýlelik bilen, meşhur ertekileri asyl nusgada okamakdan başlap ýa-da torda gyzyklanýan daşary ýurt habarlaryňy we materiallaryňy yzarlap bilersiňiz. Onlaýn okaň. Häzirki wagtda iňlis dilini özbaşdak öwrenmek üçin materiallara giriş çäksizdir. Iň döwrebap saýlaw, elmydama elýeterli simulýatorlaryň we ykjam programmalaryň kömegi bilen onlaýn sapaklardyr. Özüňize laýyk çeşmäni saýlaň we her gün, islendik ýerde dil goruňyzy baýlaşdyrmagy endik ediniň.
Sona Şaýymowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby