UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da iňlis klublary ýeke säwlik bermän 1/8 finala çykmagy başardy. Ýöne 1/8 finalyň 1-nji oýunlaryndan soň olaryň agramly bölegi çärýek finala çykmazdan UEFA-nyň ýaryşlary bilen hoşlaşmagyň bosagasynda dur.

9 klub bilen wekilçilik edýän Angliýanyň “Premier Ligasynyň” klublary üçin UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary şowly geçmedi. 9 duşuşygyň diňe birinde ýeňiş gazanan iňlis toparlarynyň diňe 2-si gol geçirtmedi. 5 duşuşyk ýeňliş, 3 oýun hem deňlik bilen tamamlandy.

Esasan hem Çempionlar Ligasyndaky 6 toparyň hiç biri-de ýeňiş gazanyp bilmedi. Olaryň 4-si utulyp, 2-si bolsa deňme-deň oýnady. “Atletiko Madridden” 5-2 utulan “Tottenham” bilen “Real Madridden” 3-0 asgyn gelen “Mançester Siti” hem-de PSŽ-den 5-2 ýeňlen “Çelsi” üçin belki-de ýaryş tamamlanyp biler. Olar çärýek finala çykmak üçin jogap duşuşygynda gol geçirtmezden 4 pökgi geçirmeli bolarlar.

“Arsenalyň” öz meýdançasynda “Baýeri” geçmegine garaşylýar. Hatda “Liwerpulyň” hem “Galatasaraýdan” myhmançylykda 1-0 hasabynda asgyn gelendigine garamazdan, jogap oýnunda özlerine gerek bolan netijäni gazanar diýip çaklaýanlaryň sany az däl.

“Nýukasl” bolsa 90-njy minutdan soň Ýamalyň penalti goly esasynda ýeňşi elden giderdi. Olara “Spotify Kamp Nouda” “Barselonany” ýeňmek ýeňil düşmese gerek.

UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşynda iňlis klublaryň abraýyny halas eden ýeke-täk topar “Aston Willa bolup, Unaý Emeriniň şägirtleri myhmançylykda “Lill” toparyny Olli Watkinsiň goly esasynda utdy. “Nottingam Forest” bolsa öz meýdançasynda Daniýanyň “Midtýullann” toparyndan iň kiçi hasap bilen asgyn geldi.

Konferensiýa Ligasyndaky ýeke-täk iňlis kluby bolan “Kristal Palasa” hem öz meýdançasynda Kipriň “AEK Larnaka” toparyny ýeňmek başartmady. Duşuşyk golsuz tamamlandy.

Geljek hepdäniň sişenbe, çarşenbe hem-de penşenbe günlerinde Angliýada 6 duşuşyk geçiriler. Olaryň 3-si Londonda oýnalar. Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň 1-nji oýunlarynyň diňe birinden galany iňlis klublary üçin myhmançylykda geçdi.

 

Galatasaraý – Liwerpul: 1-0

Atletiko Madrid – Tottenham: 5-2

Real Madrid – Mançester Siti: 3-0

PSŽ – Çelsi: 5-2

Baýer – Arsenal: 1-1

Nýukasl – Barselona: 1-1

Nottingam Forest – Midtýullann: 0-1

Lill – Aston Willa: 0-1

Kristal Palas – AEK Larnaka