Yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýurt­la­ryň, bir ta­rap­dan, düýp­li we ama­ly ylym­lar ul­ga­myn­da öň­de­li­gi eýe­le­mä­ge ça­lyş­ma­gy, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa, bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­niň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň dep­gin­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi in­no­wa­si­ýa­lar hem-de ösüş döw­rü­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baştutanymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len yl­myň iş­jeň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zy öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, uly dur­muş-yk­dy­sa­dy ne­ti­jä eýe bol­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de yl­my iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­niň iri ylym-bi­lim mer­kez­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we gaz­na­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler has-da gi­ňel­di. Türk­me­nis­tan­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar, okuw mas­la­hat­la­ry, ser­gi­ler, ylym we bi­lim ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ra da­şa­ry ýurtlardan köp san­ly myh­man­lar gat­naş­ýar.
Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry döw­let eda­ra­sy – Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy he­re­ket ed­ýär, onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­tiň yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eý­ýäm hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de Ýaş alym­la­ryň ge­ňe­şi iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Onuň işi­ne ta­lyp­lar we ola­ryň ha­ly­pa­la­ry bo­lan mu­gal­lym­lar gat­naş­ýar­lar. Bu ylym-bi­lim dü­züm­le­ri­niň ul­ga­my ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş­la­ryň hö­we­si­ni we baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ma­ga, ola­ry iler­let­mä­ge we dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge, ýaş­la­ryň hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry­na we du­şu­şyk­la­ra, şol san­da da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, tä­ze­lik­le­riň mag­lu­mat bin­ýa­dy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ýur­du­my­zyň ýaş alym­la­ry­nyň yl­my-bar­lag­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ne­bit we gaz­hi­mi­ýa, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň se­na­ga­ty, ug­le­wo­do­rod, mi­ne­ral we beý­le­ki peý­da­ly ga­zy­lyp alyn­ýan se­riş­de­le­ri çy­kar­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek, na­no­kom­po­zi­si­on ma­te­ri­al­la­ry dö­ret­mek, su­wy aras­sa­la­ma­gyň usul­la­ry, ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­mak, seýs­mo­howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ýa­ly yl­my-bar­lag ugur­la­ryn­da jem­le­nen­dir.
Alym­lar we hü­när­men­ler ýur­du­my­zyň yl­my-teh­ni­ki ösü­şi­niň dep­gi­ni­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, aka­de­mi­ki ins­ti­tut­lar­da, pu­dak­la­ýyn yl­my-bar­lag eda­ra­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de düýp­li ylym­la­ra aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, yk­dy­sa­dy taý­dan ne­ti­je­li bar­lag­la­ry alyp bar­ýar­lar, önüm­çi­li­ge döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar.
Ýur­du­myz bi­lim işi­ne dün­ýä ül­ňü­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bi­len, yn­san­per­wer ul­gam­da BMG, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. «TEM­PUS-TA­SIS» ýa­ly bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de dür­li tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de dün­ýä­niň esa­sy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýurdumyzda he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r – ÝU­NI­SEF, ÝUNF­PA, ÝUNDP, ÝUNESKO bi­len hem bi­le­lik­de iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bi­lim pu­da­gy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, mek­dep­le­riň okuw ter­tip­na­ma­sy­na düýp­li tä­ze­lik­ler gi­ri­zil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti, taý­ýar­la­ma we gra­fi­ka, mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa we tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly ders­ler bin­ýat­la­ýyn sa­pak­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we­zi­pe­si hi­mi­ýa­ny, bio­lo­gi­ýa­ny we beý­le­ki ders­le­ri çuň­ňur öw­ren­me­gi esa­sy ugur edin­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta mek­dep­le­riň dö­re­dil­me­gi ýa­ly me­se­le­le­ri öňe çy­kar­dy.

Gül­şat AL­MA­ZO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.