UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda uly hasap bilen utulan “Inter” toparynyň tälimçisi Simone Inzagi klubdan gitdi. “Interdäki” 4 ýyllyk başdangeçirmesini tamamlanan 49 ýaşyndaky tälimçi Saud Arabystanynyň “Al Hilal” toparynyň tälimçiline bellendi. Ol Er-riýadlylar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Italýan metbugatyna görä, Inzagi “Al Hilaldan” ýyllyk 25 million ýewro hak alar.
Futbolçylyk ýyllarynda “Piaçenza”, “Karpi”, “Nowara”, “Lumezzane”, “Breşello”, “Sampdoriýa”, “Atalanta” ýaly klublarda oýnan Simone Inzaginiň karýerasynyň agramly bölegi “Lasioda” geçdi. Italiýanyň milli ýygyndysynda 3 duşuşyk geçiren hüjümçi tälimçilik karýerasyna 2016-njy ýylda “Lasioda” başlady. Bu klubda 5 ýyl işlän Inzagi Italiýanyň Kubogyny hem-de Super Kubogyny (2) gazandy.
2021-nji ýylyň iýulynda “Interiň” tälimçisi bolan Simone Inzagi milanlylara 2023/24 möwsüminde “Serie A”-nyň çempionlygyny gazandyrdy. Italiýanyň Kubogyny 2, Super Kubogyny-da 3 gezek alan Simone Inzagi 2023-nji we şu ýyl UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda ýeňildi. 2 ýyl öň “Mançester Sitiden” 1-0, bu ýyl PSŽ-den 5-0 asgyn gelen “Interde” Inzagi 217 oýunda 141 ýeňiş gazandy.
“Inter” toparynyň täze tälimçisiniň kim boljakdygy häzirlikçe belli bolman bu ugurda “Komo” toparynyň tälimçisi Sesk Fabregasyň ady agzalýar.
Foto: “Al Hilal” toparynyň internet saýtyndan alyndy.