Häzirki wagtda aragatnaşyk tehnologiýasy ösen derejä ýetdi. Internet arkaly ylym-bilimde edilen açyşlar, täzelikler, taryhy maglumatlar, dünýäniň dürli halklarynyň medeniýeti, gymmatlyklary, däp-dessurlary barada maglumat tapmak kyn däl. Umuman, interneti elimiziň aşagyndaky kitaphana ýaly peýdalanmak mümkin. Emma bu ummasyz kitaphanadaky kitaplary okamak üçin onuň diline hem düşünmek gerek. Sebäbi, bu kitaplar dürli dillerde ýazylypdyr. Eýsem, internetde elýeterli bolan maglumatlar has köp haýsy dilde ýazylanka?!
Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde 7 müňden gowrak dilde gepleşilýär. Käbir dilde gepleşýän adamlaryň sany has köp, käbirinde bolsa az bolýar. Hytaý, hindi, iňlis, arap, ispan, bengal, rus, portugal, nemes, ýapon, fransuz we italýan dillerinde gepleşýän adamlaryň sany dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. Internet dünýäsine seredilende bolsa, bu sanawdaky ilkinji on dil sanly maglumatlaryň 80 göterimine golaýyny emele getirýär. Internet maglumatlarynyň 50 göteriminden gowragyny iňlis dilindäki çeşmeler emele getirýär. Iňlis dili dünýäniň iň köp gepleşilýän dili hem bolsa, bu dil halklaryň arasynda düşünişmek maksady bilen hem ulanylýar. Ýagny, köp adam iňlis dilini ikinji dil hökmünde bilýär. Ene dili hökmünde dünýäde iň köp hytaý dilinde gepleşilýär. Iňlis dili dünýäniň birnäçe ýurdunyň hem-de halkara guramalaryň resmi dili hasaplanýar. Tehnologiýanyň ösmegi halklaryň beýleki dilleri öwrenmäge bolan zerurlygyny artdyrýar. Iňlis, hytaý, ispan, arap, portugal, indonez, malaý, fransuz, ýapon, rus, nemes dilleri internet ulanyjylarynyň iň köp ulanýan dili hasaplanýar.
Aýna Berdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.