Aýyň 14-ine tanyşdyrylan “iPhone 13” smartfonlarynyň “iPhone 12”-lere meňzeşdigi ünsi çekipdi. Eýsem, “iPhone 12”-leriň daşlygyny täze smartfona dakyp bolarmyka?
Täze smartfonlar üçin çykan gününden başlap sargyt kabul edilen hem bolsa, 1-nji oktýabrda müşderilere ýetiriler.
Ilki bilen “iPhone 12”-niň ölçeglerine seredliň – ini 71,5 mm, boýy 146,7 mm we galyňlygy 7,4 mm.
Tanyşdyrylyş agşamynda bellenilişine görä, “iPhone 13” bilen “iPhone 13 Pro”-nyň ululygy des-deň – ini 71,5 mm, boýy 146,7 mm we galyňlygy 7,65 mm.
“iPhone 13” hem-de “iPhone 13 Pro”-nyň ini we boýy “iPhone 12” bilen deň hem bolsa galyňlygy 0,25 mm artyk. Bu tapawudy göz bilen saýgarmak mümkin däl hem bolsa, ozalky daşlyga täze smartfona dakanyňyzda, doly gaplamaýar.
Bu ýagdaýda daşlygyň doly goragy üpjün etmezligi mümkin. Şeýle hem iki enjamyň ululygy deňeçer hem bolsa, kamerasy hem tapawutly. “iPhone 12”-niň iki sany kamera sensory bolup, olar tekiz we biri beýlekisiniň aşagynda ýerleşdirilipdir. “iPhone 13”-üň kamera sensory birneme çykgytly (1 mm) bolup, atanaklaýyn oturdylypdyr.
Ýokarda bellenenleri göz öňünde tutsak, “iPhone 12”-niň daşlyklaryny “iPhone 13” seriýasyna degişli modellerde ulanmak mümkin däl.