“Apple”” iPhone 13” seriýasyna degişli enjamlar bilen bir hatarda “iPad” we “akylly” sagadynyň täze nusgasyny köpçülige görkezdi. Tehnologiýa ägirdi birnäçe ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynda (geçen ýylkysy pandemiýa sebäpli biraz yza süýşürilipdi) täze enjamlary barada giňişleýin maglumat berýär.

Dünýäniň iň iri tehnologiýa kompaniýasynyň Marketing boýunça baş direktorynyň orunbasary Kaýann Drans täze “iPhone”-lary köpçülige görkezdi.

Tanyşdyrylyş agşamynda “iPhone” bilen “iPhone Mini” smartfonlarynda “A15 Bionic” çipsetiniň oturdylandygy mälim edildi. Bu enjamlarda suwa çydamlylygyny tassyklaýan “IP68” sertifikaty berlipdir. Yzky kameralaryň ýerleşişi biraz üýtgedilipdir. “iPhone”-lar diňe tehniki aýratynlyklary bilen däl, eýsem reňkleri bilen hem bäsdeşlerinden tapawutlanýar. Täze smartfonlarda gülgüne, gök, “gije”, “ýyldyz” we gyzyl reňkler ulanylar.

“iPhone 13”-iň aýratynlyklary

“iPhone 13” bilen “iPhone 13 Mini”-niň ekrany ozalky nusgasyndan 28 göterim ýagty. Ekranda “Super Retina XDR” atly tehnologiýa ulanylypdyr.

“iPhone 13” seriýasynyň batareýalary hem kämilleşdirilipdir. “iPhone 13” 2,5 sagat, “iPhone 13 Mini” 1,5 sagat has köp wagt ulanmaga mümkinçilik berýär.

“iPhone 13”-däki yzky kameralaryň “iPhone 12 Pro”-dan has gowudygy mälim edildi. F/1.8 diafram giňligindäki goşa kameralarda 1,7 mikronlyk sensorler oturdylypdyr.

Bahasy

“iPhone 13 Mini” ABŞ-da 699 dollardan başlaýan baha bilen müşderilere hödürlenýär. “iPhone 13” bolsa 799 dollardan satylar. Isleg bildirýänler 512 GB-lyk görnüşini hem satyn alyp bilýärler.

“iPhone 13 PRO” we “Pro Max”

“iPhone 13 Pro”-nyň ekranynyň has çydamlydygy mälim edildi. “iPhone 13”-de bolşy ýaly bu enjama hem “IP68” sertifikaty berlipdir. Bu enjamda üç yzky kamera oturdylypdyr. Bu kameralar arkaly has giň meýdany ýokary durulykda surata alyp boljakdygy aýratyn bellenildi. Bu smartfonyň batareýasynyň ozalky nesle garanyňda 1,5 sagat köpdügi aýdyldy. “iPhone 13 Pro” 999 dollardan, “iPhone 13 Pro Max” 1099 dollardan başlaýan bahalar bilen satuwa çykaryldy. “Pro” seriýasynyň 1 TB-lyk görnüşi hem bar. “iPhone 13 Pro” smartfonynda “A15” çip hem-de 5 ýadroly GPU oturdylypdyr.

Gutuda nämeler bar?

Adatça telefonlar satylanda gutynyň içinden telefon bilen bir hatarda zarýad beriji enjam hem-de gulaklyk bolýar. “Apple” kompaniýasy geçen ýyllarda gutynyň içinden ilki gulaklygy, soňra bolsa zarýad beriji enjamyň “kellesini” aýyrdy. Şeýlelikde, ulanyjylar gulaklygy we zarýad beriji enjamyň “kellesini” aýratynlykda satyn almaly boldular. Tehnologiýa ägirdiniň ýolbaşçylary munuň daşky gurşawy aýawly saklamak bilen bagly çäredigini öňe sürýärler. Sebäbi, täze smartfon alnanda ozalky telefonyň zarýad beriji enjamyny ulanmak ýa-da USB geçiriji bilen başga bir enjam arkaly hem zarýad bermek mümkin. Mundan başga-da telefonyň ýany bilen berilýän zatlar azalanda, onuň gutusy kiçelýär. Bu bolsa, olaryň önümçiligi üçin sarp edilýän çig malyň mukdaryny azaldýar. Şeýle hem daşalanda hem aňsat bolýar. 13-nji nesilde hem smartfonyň ýany bilen diňe zarýad beriji geçiriji beriljekdigi aýdyldy.

“iPad”-iň 9-njy nesli

Tanyşdyrylyş agşamynda ilki bilen “iPad”-iň 9-njy nesli görkezildi. 5G aýratynlygy bolan enjamyň ABŞ-daky bahasynyň 329 dollardan başlanýandygy mälim edildi.

8.3 dýuým ekrany bolan  “iPhone Mini” bolsa, 499 dollardan başlanýan nyrh bilen amerikan bazaryna hödürlendi. Bu enjamyň dört reňklisi bolar.

“Smart” sagadynyň täze nusgasy

“Apple” kompaniýasy diňe smartfonlaryň däl, eýsem, “akylly” sagatlaryň hem ýaýbaňlanmagyna şert döretdi. Mälim bolşy ýaly, el telefonlary köpelenden soňra goşar sagatlaryna bolan isleg görnetin azalypdy. Tehnologiýa kompaniýasy telefonlar bilen sazlaşykly işleýän sagatlary çykaryp başlamagy bilen bu enjamlar has köp ýaýrady. Tanyşdyrylyş dabarasynda “Apple Watch”-yň 7-nji nesli barada maglumat berildi. Sagadyň ozalky nesle garanyňda 20 göterim uly ekranynyň bardygy mälim edildi. Ekran ellenende ýüzünde klawiaturanyň hem peýda bolýandygyny bellemek gerek. Enjamyň urga, suwa we tozana çydamlydygy aýdyldy.

Şeýle hem täze “Apple Watch” ozalky nusgasyna garanyňda 33 göterim has çalt zarýad alýar. Enjamyň 0-dan 80 göterim zarýad almagy üçin 45 minut ýeterlik. Bu enjamyň amerikan bazaryndaky bahasy 399 dollar.