Beýik Britaniýanyň Kent graflygyndan 13 ýaşly Sofiýa Kot Arkuri IQ testinde 162 bal toplady. Bu kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iň ýokary netije bolup, Albert Eýnşteýniň we Stiwen Hokingiň görkezijisinden hem ýokary. Gyzjagaz bu gazanan üstünliginden soň, dünýäniň iň abraýly zehinliler jemgyýeti bolan Mensa guramasyna çagyryldy.