24-nji martda Irlandiýa Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Saýmon Harris koalisiýa hökümetindäki “Fine Gael” partiýasynyň lideri hökmünde tassyklandy. Şeýlelikde Harris ýurduň iň ýaş Premýer-ministri bolar. Bu barada telekeçilik, söwda we iş üpjünçiligi ministri Saýmon Koweni Atlonda geçirilen partiýa ýygnagynda mälim etdi.
Harris “Fine Gael” partiýasynyň başlygy wezipesine dalaş etmek isleýändigini mälim eden ýeke-täk syýasatçydyr. Ol “Fine Gael”-iň ýygnagynda başga dalaşgärleriň ýoklugy sebäpli, partiýanyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklandy. Harris 9-njy aprelde Irlandiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň agzalary tarapyndan tassyklanandan soň, Irlandiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişer. Parlamentiň karary boýunça Harris Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl Higgins tarapyndan hökümet Başlygy wezipesine tassyklanar.
Ol “Fine Gael” partiýasynyň lideri hökmünde eden ilkinji çykyşynda, ilkinji nobatda möhüm sosial-ykdysady meseleleri, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi meselesini çözmäge ünsi jemlejekdigini belledi. Syýasy bilermenler Harrisiň 2025-nji ýylyň martynda geçiriljek ählumumy saýlawlardan öň “Fine Gael”-iň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen koalisiýa hökümetiniň başynda bir ýyl töweregi boljakdygyny bellediler.
Harris 37 ýaşynda respublikanyň Premýer-ministri wezipesine girişer. Mundan ozal Leo Waradkar ýurduň iň ýaş Premýer-ministri bolupdy. Ol 2017-nji ýylda “Fine Gael”-e baştutanlyk eden wagty 38 ýaşyndady. Waradkar iki gezek Premýer-ministr bolup işledi – 2017-nji ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň iýun aýyna çenli we 2022-nji ýylyň dekabryndan şu güne çenli. Ol garaşylmadyk ýagdaýda 20-nji martda wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Premýer-ministr bu karara hiç hili anyk delil getirmedi.
Harris 1986-njy ýylyň oktýabr aýynda Dublinden 27 kilometr uzaklykda ýerleşýän Wiklow etrabynyň kenarýaka şäheri Greýstonsda taksi sürüjisi we mugallymyň maşgalasynda dünýä indi. Ýaş syýasatçynyň hakyky karýerasy 13 ýyl ozal, Irlandiýanyň parlamentine saýlanandan soň başlandy. Üç ýyldan soň ministriň orunbasary wezipesini eýeledi, iki ýyldan soň – 29 ýaşynda ilkinji ministrlik portfelini aldy. Saglygy goraýyş ministrliginiň başlygy hökmünde birnäçe meseleleri çözmäge synanyşdy.