Islandiýada howany hapalardan arassalaýan dünýädäki iň uly “tozan sorujy zawod” ady bilen täze zawod işe başlady. Atmosferadaky hapany arassalamak üçin dünýädäki iň uly bu zawod kosmos gämisine meňzeýär. “Mammoth” atly zawod Şweýsariýanyň “Climeworks” kompaniýasy tarapyndan gurlupdyr. Kompaniýa 2021-nji ýylda Islandiýa adasynda şuňa meňzeş başga-da bir zawod gurup, işe girizipdi. Ýöne ol şu wagtkydan 10 esse kiçidi. Ekologik arassalaýyş zawody äpet tozan sorujy ýaly işläp, atmosfera howasyny özüne siňdirýär we ony ugleroddan arassalaýar. Çykan uglerod ýeriň aşagyna iberilip, gaýtadan ulanylyp ýa-da gaty görnüşlere öwrülip biler. Atmosferany arassalamak işi ýurduň ekologiýa taýdan arassa geotermal energiýasy bilen amala aşyrylýar we hiç hili uglerod galyndysyny çykarmaýar. Zawodyň gurluşygy 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlandy. “Mammoth” hereketlendirijileri, doly kuwwatlyk bilen işlän mahaly, atmosferadan ýylda 36 tonna uglerody özüne siňdirip biler. Bu bolsa bir ýylda takmynan 7800 sany benzin ýangyjy bilen işleýän awtoulag tarapyndan çykarylýan uglerod gazlarynyň mukdaryna deňdir.
Klimat meselesi dünýä derejesinde derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. 2023-nji ýylda global ýylylyga sebäp bolan atmosferadaky kömürturşy gazynyň konsentrasiýasynyň rekord derejä ýetendigi bellenipdi. Halkara energetika gullugynyň berýän habaryna görä, dünýädäki ähli uglerod aýyrýan zawodlar we desgalar bir ýylda bary-ýogy 0,01 million tonna uglerody ýok etmäge ukyply. Şunlukda, 2030-njy ýyla çenli olaryň ýyllyk görkezijini 70 million tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.