Ispan kenarlary mawy baýdak bilen bellenen suwa düşülýän arassa kenarlaryň (plýaž) dünýä sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurta olaryň 642 sanysynyň bardygy habar berilýär. Daşky gurşaw we sarp edijiler bilimi assosiasiýasy (Adeac) tarapyndan ýaýradylan hasabatda bu san dünýädäki suw kenarlarynyň 15 göteriminiň Ispaniýada ýerleşýändigini, “suwlarynyň arassadygyny, elýeterlidigini we howpsuzdygyny” görkezýär.
2025-nji ýylda baýdagyny almak üçin ýüz tutan 697 plýažyň 91 göterimi oňyn jogap aldy. “Adeac”-yň maglumatlaryna görä, bu “tabşyrylan ýüztutmalaryň ýokary derejesini” görkezýär. Baýrak almazlygyň iň köp ýaýran sebäbiniň “kenarda suwa düşmek üçin suwuň hiliniň laýyk dälligi” bolandygyny bellediler. Şeýle hem, Kenarýaka zolaklary baradaky kanunyň ýerine ýetirilmezligi, adamlaryň aşa köp bolmagy ýa-da kenarda rugsatsyz desgalaryň bolmagy ykrar edilmezlige sebäp bolup biljekdigini bellediler.
Kenarda iň köp mawy baýdakly welaýat Alikante (71), ondan soň Pontewedra (53), Malaga (45), La Korunýa (39), Barselona we Walensiýa (ikisi 38) gelýär. Marinlaryň – ýagny, ýahta portlarynyň ykrar edilmegi barada aýdylanda bolsa, jemi 101 standart bilen Ispaniýa dünýä sanawynda üçünji orunda durýar. «Adeac”-yň maglumatlaryna görä, dalaşgärleriň ählisi 2025-nji ýylda oňyn ses aldylar. Alikante ýene-de 17 baýrak bilen iň köp sylag alan welaýatdyr, ondan soň Balear adalary (14), Žirona (9) hem-de Barselona, Mursiýa, Pontewedra we Tarragona (hersi 7) gelýär.