Azyk önüm­le­ri­niň za­ýa­lan­ma­gy ýa-da azyk ga­lyn­dy­la­ry ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne, te­bi­ga­tyň ha­pa­lan­ma­gy­na, esa­san hem, kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň bö­lü­nip çyk­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şol se­bäp­li is­rip­çi­li­giň öňü­ni al­mak der­wa­ýys me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bi­ler­men­ler her bir ada­myň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na go­şant goş­ma­gy­na hem-de öz çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän usul­la­ry hö­dür­le­ýär­ler.

Sa­naw düz­mek. Söw­da et­mä­ge git­mez­den ozal, ge­rek­li zat­la­ryň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­ma­ly. Bu ba­bat­da aş­ha­na­nyň içi­ne göz gez­dir­mek ze­rur bo­lup, so­wa­dy­jy­da nä­mä­niň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny anyk­la­ma­ly. Ba­za­ra ýa-da söw­da no­kat­la­ry­na bar­lan­da sa­naw­da­ky ge­rek­li zat­la­ry sa­tyn al­ma­ly. Öýü­ňiz­de öň hem bar bo­lan ýa-da ze­rur bol­ma­dyk iý­mit önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak is­rip­çi­li­ge se­bäp bo­lar.

Iý­mi­tiň ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti­ne üns ber­mek. Azyk önüm­le­ri bel­li bir se­ne ara­lyk­da ulan­ma­ga ýa­ram­ly di­ýen ýaz­gy bi­len ula­ny­şa goý­be­ril­ýär. Şol se­bäp­li azyk önüm­le­ri­niň ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti­ne üns ber­mek ze­rur­dyr. Eger ge­rek­li önü­mi­ňi­ziň ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti ýa­kyn­lan bol­sa, şol möh­le­te çen­li iý­mi­ti gu­ta­ryp bil­jek­di­gi­ňiz ba­ra­da pi­kir ediň! Gu­ta­ryp bil­me­rin öýt­se­ňiz, on­da sa­tyn al­mak­dan sak­la­nyň! Gu­ry iý­mit­le­ri, gal­la we aş önüm­le­ri­ni uzak wagt­lap sak­lap bol­ýar.

Aş­ha­na­ny her gün göz­den ge­çir­mek. Sa­tyn al­nan gök önüm­le­ri za­ýa­lan­maz­ly­gy üçin her gün göz­den ge­çir­me­li. Azyk önüm­le­ri­ni, esa­san hem, gök önüm­le­ri ter­li­gi­ne az-az­dan sa­tyn al­ma­ly. Eger-de köp muk­dar­da al­nan ýa-da mel­le­gi­ňiz­de ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren bol­sa­ňyz, ola­ryň uzak sak­lan­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­li. Gök önüm­le­riň ga­by­gy ga­ra­lyp ýa-da ýyg­ry­lyp ug­ra­maz­dan öň gu­tar­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ma­ly.

Dog­ry sak­la­mak. Kä­bir iý­mit­ önümlerini so­wa­dy­jy­da, kä­bir­le­ri­ni bol­sa otag şer­tin­de sak­lap bol­ýar. Şol se­bäp­li sa­tyn al­nan iý­mit­le­riň sak­la­nyş ýag­da­ýy­ny bil­mek ze­rur­dyr. Şeý­le­lik­de, siz azyk önüm­le­ri­ni ga­lyn­dy­syz sarp edip bi­ler­si­ňiz.

Ga­lan na­har­la­ry doň­du­ryp goý­mak. Maş­ga­la ag­za­la­ry­ňy­zyň iýip bil­jek na­ha­ry­ny taý­ýar­la­ma­ly hem-de ony her ki­me aý­ra­tyn­lyk­da hö­dür­le­me­li. Şeý­le­lik­de, ta­bak­da ar­tyk­maç na­ha­ryň gal­ma­gy­nyň öňü­ni alar­sy­ňyz. Eger-de ta­gam köp muk­dar­da taý­ýar­la­nan bol­sa, ga­la­ny­ny so­wa­dy­jy­da goý­ma­ly.

Iýip bil­me­je­gi­ňi paý­laş­mak. Öý­de ýa-da köp­çü­lik­le­ýin na­har­la­ny­lan­da iýip bil­me­jek bö­le­gi­ňi ýa­kyn­la­ryň bi­len paý­laş­ma­ly. Dost­la­ry­ňy ag­şam­lyk na­ha­ry­na ça­gyr­ma­ly we bi­le­lik­de iý­me­li. Bu is­rip­çi­li­giň öňü­ni al­mak, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek üçin iň go­wy usul­la­ryň bi­ri­dir.

Is­len­dik za­dy, şol san­da iý­mit önüm­le­ri­niň di­ňe ge­re­gi­ni sa­tyn al­mak si­ziň ho­ja­lyk çykdajylaryňyzy azaltmak üçin hem ze­rur­dyr.