Italiýanyň “Eni” we “Benefit Corporation” kompaniýalary Irlandiýanyň “Simply Blue Group” şereketi bilen bilelikde suwüsti ýel beketlerini gurar. Italiýanyň kenarýakasyndaky deňiz çäginde guruljak energiýa desgalary ýurtda şeýle desgalaryň ilkinjisi bolar. Desga ýurduň gündogar kenaryndaky Otranto şäherinden 30 km çemesi uzaklykda, deňizde ýerleşer. “Messapia” atly bu taslamanyň umumy kuwwaty 1,3 GWt bolar. Şeýle-de Kroton şäherinden takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän “Krimisa” atly taslamanyň umumy kuwwaty 1,1 GWt bolar. Bu iki taslama ýurduň dekarbonizasiýa maksatlaryna goşant goşup, 2,5 milliondan gowrak maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Kompaniýalar taslamany durmuşa geçirmek üçin tehnologik çözgütleri taýýarlamak we suwüsti ýel beketleriniň üpjünçilik zynjyryny berkitmekde hyzmatdaşlyk ederler.
Soňky ýyllarda “Benefit Corporation” we “Eni” kompaniýalary arassa energiýa çözgütleri işläp taýýarlamaga we şoňa degişli taslamalary durmuşa geçirmäge has köp maýa goýum gönükdirýärler. Şeýle taslamalar häzirki wagtda Italiýa, Fransiýa, Gresiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Angliýa, Norwegiýa, ABŞ, Gazagystan we Awstraliýa ýaly ýurtlarda durmuşa geçirilýär. Bu kompaniýalar 2040-njy ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyna ýetmegi we ähli müşderilerine 100% arassa energiýa hödürlemegi maksat edinýär. Merkezi edarasy Irlandiýanyň Kork şäherinde ýerleşýän “Simply Blue Group” şereketi bolsa, gazylyp alynýan ýangyçlary arassa deňiz energiýasy bilen çalyşmaga gönükdirilen “ýaşyl” taslamalary durmuşa geçirmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Kompaniýa diňe suwüsti ýel diňlerini däl, tolkun energiýasyna degişli taslamalary durmuşa geçirýär.
Gülbahar Çaryýarowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









