Italiýanyň Andalo welaýatynyň Alpino daglyk obasyndaky «Alpino Baby Family» dünýädäki iň gowy çagalar myhmanhanasy hasaplanýar. Bäbeklerden başlap 6-8 ýaşly çagalara çenli aýratynlykda otaglary, ýapyk we açyk oýun meýdançalary bolan bu myhmanhana lyža meýdançasyndan 500 metr uzaklykda, uly Andalo seýilgähine ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Içine gireniňde ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan bu myhmanhananyň diwarlary multfilm gahrymanlarynyň şekilleri, gurnama agaçlardyr öýjagazlar bilen bezelipdir. Myhmanhanada çagalaryň ýaşyna görä «Gaia-Land», «GaiaBaby» we «Gaia Splash» oýun meýdançalary bar. Bu ýerde çagalar hossarlary bilen bilelikde ýörite otaglarda dynç alyp, özleri üçin niýetlenen aşhanada dürli tagamlary hem taýýarlap bilýärler. Gaýa bagy hem çagalar üçin iň gyzykly güýmenje meýdançalaryň biri bolup, bu ýerde agaja dyrmaşmak, agajyň aşagynda oturyp oýnawaç oýnamak mümkin. Bulardan başga-da, myhmanhanada sallançaklar, çaga hammamy we düşekdir telewizor bilen enjamlaşdyrylan otaglar bar. Gyzykly we täsirli başdangeçirmeleri bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan «Alpino Baby Family» myhmanhanasynda howuz, surat çekilýän meýdança, mini-sport zallary, restoran hem bar.
Myhmanhana hepdäniň dowamynda otluly we awtobusly gezelençleri hem hödürleýär. Şäher medeniýeti we taryhy ýadygärlikler bilen tanyşdyrýan bu gezelençler çagalaryň gözýetiminiň giňemeginde uly orny eýeleýär. Bu ýerde birek-birek bilen düşünişmek üçin italýan we iňlis dilleri ulanylýar. Bulardan başga-da, myhmanhananyň çäginde gaýykly we tigirli gezelençler hem guralýar. «Alpino Baby Family» myhmanhanasy diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ene-atalar üçin hem maşgala bolup dynç alynýan ýerleriň biridir. Italiýada çagaly maşgalalar üçin bu myhmanhana iň gowy dynç alyş merkezidir.