Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Ýewropa zolagynda “I” toparçada täze tälimçisi Jennaro Gattuzonyň tälimçiligindäki ilkinji duşuşygynda Italiýanyň ýygyndysy Bergamoda Estoniýanyň ýygyndysyny 5-0 hasabynda ýeňdi. Gollaryň ählisi hem 2-nji ýarymda geçirilip, italýanlaryň adyndan Ken (58), Retegi (69, 89), Raspadori (71) hem-de Bastoni (90+2) tapawutlandy.

“D” toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Wroslawda Ukrainanyň ýygyndysyndan Olise hem-de Mbappeniň gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy. Islandiýa bolsa Azerbaýjanyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi.

“L” toparçada Horwatiýa Kramariçiň ýeke-täk goly bilen Farerleri 1-0 hasabynda utdy. Çehiýa hem myhmançylykda Garadagy Çerw we Çernynyň gollary esasynda 2-0 ýeňdi.

“B” toparçada Şweýsariýanyň ýygyndysy Kosowony Akanži, Embolo (2) hem-de Widmeriň gollary bilen 4-0 utdy. 4 goluň geçirilen başga bir duşuşygynda Sloweniýa bilen Şwesiýa 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady.

“C” toparçada Daniýa bilen Şotlandiýa golsuz deňme-deň oýnady. Gresiýa öz meýdançasynda Belarusyň ýygyndysyny 5-0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi.