Italiýanyň aşhana däbi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Nýu-Delide geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edildi. Komitet italýan aşhanasynyň “durnukly ösüşi biomedeni dürlüligi bilen utgaşdyrýandygy” barada netijä geldi.
“Şu gün ÝUNESKO italýan aşhanasyny Bütindünýä mirasynyň obýekti hökmünde ykrar etdi. Biz dünýäde ilkinji bolup bu ykrarnamany aldyk, bu bolsa biziň özboluşly medeniýetimiziň bardygyna güwä geçýär” diýip, Italiýanyň Prezidenti Jorja Meloni wideo çykyşynda belledi.
Italiýanyň metbugaty kabul edilen kararyň özboluşlydygyny, çünki mundan öň ÝUNESKO-nyň sanawyna diňe aýratyn tagamlar ýa-da reseptler girizilendigini, emma tutuş aşhananyň däldigini ýazdy.
PDF









