Asyrlarboýy dermanyň deregine melhem hökmünde ulanylyp gelinýän itburun, adam saglygyna özüniň örän köp peýdalary bilen bellidir. Itburun immun ulgamyny (bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny) güýçlendirmekde örän täsirli bolmak bilen bir hatarda, ýokarky dem alyş ýollary keselleriniň howpuny hem azaldýar. Düzüminde polifenol, magneziýa, demir, likopen maddalary bilen birlikde, bol mukdarda A, B, C, E we K witaminleri bar. Antioksidantlara baý bolan itburun ylmy taýdan öwrenilende ýürek keselinden, rak keselinden hem-de süýji keselinden goraýandygyny mälim etdiler. Syçanlar we adamlar baradaky käbir gözlegler, itburun bilen horlanmagyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Şeýle-de bolsa, alymlar bu netijäni doly düşündirmek üçin täze gözlegleriň zerurdygyny nygtaýarlar. Itburun özüniň düzümi taýdan oňat agyryny aýryjy hasaplanylýar. Şol sebäpli, itburunuň hroniki keselleri (dowamly agyry) aýyrmakda peýdalydyr. Şeýle-de, C witamine we antioksidantlara baý bolan itburnuň deriniň saglygy üçin möhümdigi aýdylýar. Adam derisiniň owadan we ýylmanak bolmasy üçin yzygiderli itburnuň iýilmegi maslahat berilýär. Itburun demriň bedende siňdirilmegine kömek edýär. Şol sebäpli, demir ýetmezçiligi bilen bagly ganazlyk kesellerinde itburun örän peýdaly iýmit bolup durýar.
Likopene baý bolan itburun göz kesellerinden goraýar. Itburun yzygiderli we ortaça iýlende, iç gatamagy ýeňip geçmäge hem kömek edýär.
Itburuny miwe, mürepbe ýa-da çaý görnüşinde peýdalanyp bilersiňiz. Ýöne bu ösümlikden taýýarlanan içgileri içeniňden soň, agzyňy çaýkamak maslahat berilýär. Sebäbi ondaky turşular dişiň syrçasyna zyýan ýetirip biler.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.