“Premier Liganyň” wekili “Nottingam Forest” topary tälimçisini çalyşdy. Ençeme ýyldan soň UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşýan toparyň portugaliýaly tälimçisi Nunu Eşpiritu Şantu wezipesinden boşadyldy. Geçen möwsümiň ahyrlaryndaky şowsuz netijelerden soň Şantu bilen klubuň eýesiniň arasynda düşünişmezlikler peýda bolup başlapdy. Netijede bolsa, portugaliýaly tälimçiniň bu klubdaky 2 ýyla golaý başdangeçirmesi tamamlandy. Şantu “Nottingam Forest” toparyna 73 oýunda (28 ýeňiş, 20 deňlik, 25 ýeňliş) tälimçilik etdi.

Onuň ornuna awstraliýaly Anj Postekoglu toparyň tälimçiligine bellendi. Nottingamşaýrlylar 60 ýaşyndaky tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol iýun aýynda “Tottenham” toparynyň tälimçiliginden boşadylypdy. Postekoglu “Tottenham” toparyny Ýewropa Ligasynyň çempion edip, kluba umumylykda 17 ýyldan soň, şol sanda UEFA-da 41 ýyldan soň ilkinji kubogyny gazandyrypdy. Ýöne muňa garamazdan, çempionatdaky şowsuz möwsümden soň ol klubdan ugradylypdy. Postekoglu Awstraliýada birnäçe kluba, Gresiýada “Panaçaiki”, Ýaponiýada “Ýokohama F. Marinos”, Şotlandiýada “Seltik” klublaryna tälim beripdi. Awstraliýanyň ýygyndysyny Aziýanyň çempiony eden Postekoglu “Seltik” toparyna-da Şotlandiýanyň çempionlygyny gazandyrypdy.