Nanýang Tehnologiýa Uniwersitetiniň (Singapur) hünärmenleri çeýe, biodegrirlenip bilinýän kagyz esasly batareýanyň nusgasyny döretdiler. Elektron enjamlar üçin täsirli, ýöne ekologiýa taýdan arassa batareýalary işläp taýýarlamak aňsat däl. Singapurly gözlegçiler munuň üçin gidrogel siňdirilen kagyzy ulanmagy makul bilipdirler. Şeýle kagyzyň bir sahypasy syýa-uglerod anody bilen marganes-nikel katodynyň arasynda geçiriji syýa bilen ulanylýan päsgelçilik bolup hyzmat edýär. Çap edilenden soň, batareýa elektrolitlere batyrylýar we geçirijiligini ýokarlandyrmak üçin elektrodlara ýuka altyn gatlak ulanylýar. Taýýar batareýanyň galyňlygy 0,4 mm. Şeýle batareýanyň bir nusgasy 45 minutlap energiýa berip bilýär. Öndürijileriň pikiriçe, geljekde şeýle batareýalar çeýe elektron enjamlarynda, şol sanda smartfonlarda, dürli sensorlarda we “akylly” eşik öndürmekde peýdalanyp bolar.