Ussat tälimçi Karlo Ançelottiniň ogly Dawide Ançelotti ilkinji tälimçilik tejribesine başlady. Kakasyndan soň ol hem Braziliýa geldi. Mälim bolşy ýaly, Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenipdi. 36 ýaşyndaky ogly Dawide Ançelotti bolsa Braziliýanyň belli klublaryndan “Botafogo” toparynyň tälimçisi boldy. Renato Paiwanyň ornuna wezipä bellenen Dawide Ançelotti riolylar bilen 2026-njy ýylyň dekabryna çenli şertnama baglaşdy. Italýan, fransuz, ispan, nemes hem-de iňlis dillerini bilýän Dawide Ançelottiniň futbolçylyk karýerasy ýok diýen ýaly. “Milanyň” ýaşlar düzümine türgenleşen Dawide “Serie D”-niň “Borgomanero” toparynda az wagtlyk çykyş etdi (18 oýunda 1 gol). Tälimçilik hünärini kakasynyň ýanynda, onuň kömekçisi bolup öwrenen Ançelotti özüniň ilkinji professional duşuşygynda çempionatyň çäginde myhmançylykda “Wasko de Gamany” 2-0 hasabynda ýeňip, tälimçilige ýeňiş bilen başlady. Dawide Ançelotti kakasynyň ýanynda “Bawariýadyr” “Napoli”, “Ewerton hem-de “Real Madrid” toparlarynda onuň kömekçisi bolup işledi. Ol esasan hem “Real Madridde” işlän ýyllarynda hasam meşhurlyk gazanypdy. Dawide Ançelottiniň kakasynyň ýeten üstünlikleriniň näçerägini başarjakdygy hemmäni içgin gyzyklandyrýar.
“Botafogo” topary häzirki wagtda Braziliýanyň çempionatynda 12-nji tapgyrdan 21 utuk bilen 6-njy ýerde barýar.