Dükandan haýsydyr bir gaplanan azyk önümi satyn alnanda onuň daşynda öndürilen senesi, ýaramlylyk möhleti, agramy, düzümi we iýmitlilik gymmaty ýaly zatlar ýazylgy bolýar. Iýmitlilik kuwwaty kaloriýa ýa-da kilokaloriýa birligi bilen görkezilýär. Eýsem, bu birlik nämäni aňladýarka?
Atmosfera basyşynda bir gram suwuň temperaturasyny bir dereje ýokarlandyrmak üçin zerur bolan energiýa mukdaryna kaloriýa diýilýär. Bir kilokaloriýa 1000 kaloriýa deňdir. Kaloriýa energiýa birligi hökmünde bir madda berlen (ýa-da goşulan) ýylylygyň mukdaryny kesgitlemek üçin ulanylýar. Himiki üýtgeşmeler sebäpli maddalaryň ýylylyk kuwwaty, eremegi, bugarmagy we reaksiýa ýylylygy hemişe kaloriýa bilen aňladylýar. Emma fiziki kaloriýa iýmitiň energiýa bahasyny görkezmek üçin ulanylýan kaloriýa bilen garyşdyrylmaly däldir. Iýmitde ulanylýan kaloriýa «C» harpy bilen kesgitlenýär.
Kaloriýa nämäni ölçeýär?
Kaloriýa energiýa birligidir. Adam ýaşamak, dem almak, hereket etmek üçin energiýa zerurlyk duýýar we bu energiýany iýmitden alýar. Başgaça aýdylanda, iýmitiň ýokumlylygy näçe ýokary bolsa, kaloriýasy şonça-da ýokary bolýar. Gaplanan iýmitlerdäki, iýýän iýmitlerimizdäki energiýa we dietologlar tarapyndan ulanylýan «kaloriýa» adalgasy «kkal» ýa-da «kal» hökmünde görkezilýär. Bedeniň yzygiderli işlemegi we wezipelerini ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan kaloriýalar adamyň ýaşyna, jynsyna we fiziologiki işjeňligine görä üýtgeýär. Iýmitdäki kaloriýany anyklamak restoranda menýunyň, akylly telefonda ýörite programmalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa kilokaloriýa bu mukdary ölçemek üçin ulanylýan ýeke-täk baha däl. Kaloriýa, kiçi kaloriýa, uly kaloriýa, kilokaloriýa we kilojoul ýaly köp mukdarda ölçeg bahalary bar. Iýmit gaplarynda ýazylan iýmitlilik kuwwatlygy adatça Kcal hökmünde görkezilýär. Ýöne käbir ýurtda gaplanan iýmitlerde kJ-de birligi hem ulanylýar. Kcal bahasyny berlen kJ bahasyny 4,18-e bölüp hasaplap bolýar. Soňky wagtlarda adamlar öz agramynyň kadaly bolmagy üçin günüň dowamynda näçe kaloriýalyk iýmit iýendigini hem hasaplaýarlar.
Her bir adamyň gündelik kabul etmeli belli bir mukdardaky kaloriýasy bar. Gerekli mukdardan köp kaloriýa alsaňyz, bedeniňiz bu kaloriýalary ýag görnüşinde saklar we netijede agramyňyz artar. Edil şonuň ýaly-da, gereginden az kaloriýa alsaňyz, beden saklanan ýagy sarp eder we netijede horlanarsyňyz.
Näçe kaloriýa almaly?
Iýmitleriň kaloriýa hasaplamalary, adatça, 100 gram möçberde ölçelýär. Başgaça aýdylanda, berlen kaloriýa bu iýmitiň 100 gramyny iýeniňizde aljak energiýa mukdaryňyzy aňladýar. Her iýmitiň belli bir kaloriýa mukdary bar. Gök önümlerden alynýan kaloriýa mukdary köplenç 100 kaloriýa ýa-da ondan hem azdyr. Şeýle-de bolsa, düzümindäki şekeriň mukdary hem hasaplananda gök önümleri iýmek maslahat berilýär. Et önümleri 150-den 500 kaloriýa çenli bolup, onuň sebäbi etiň düzüminde ýagyň bolmagydyr. Süýt önümlerindäki kaloriýa hem düzümindäki ýagyň mukdaryna görä köpelýär. Beden funksiýalarynyň doly işlemegi üçin 1000-1400 aralygy kaloriýa gerek. Bu kesgitlenen kaloriýa hereketsiz wagtymyz üçin hasaplanýar. Hereketi talap edýän gündelik işler bilen meşgullanmaýan bolsaňyz, beden üçin zerur kaloriýa mukdary hem az bolýar. Yzygiderli hereket edýän bolsaňyz, adam bedeni has köp kaloriýa talap edýär. Esasy zat iýýän iýmitlerimiziň ýagynyň, belogynyň we uglewodlarynyň gatnaşygyny bilmek we şoňa laýyklykda iýmitleniş meýilnamasyny döretmekdir.
Unutmaň, şekerli, ýagly iýmitler ýa-da taýýar iýmitler bedene kaloriýa bermek däldir. Açlygy basmak üçin çips däl-de, alma iýmek has peýdalydyr!